Sungat — çäksiz umman, ol dürli görnüşlere, ugurlara örän baýdyr. Her bir adamyň özboluşly häsiýeti bolşy ýaly, sungatda döredilýän eserler hem biri-birinden düýpli tapawutlanýar.
Şeýle özboluşly sungat eserleri bilen adyganlaryň biri hem nemes fotosuratçysy Ýan fon Hollebendir. Ol “Suratlarda gyzlaryň düýşi” ady bilen surat eserleriniň tapgyryny döredýär we her bir suratynda aýratyn mowzuga ýüzlenip, eserleriniň biri-birini gaýtalamazlygy ugrunda çalyşýar. Häzirki wagtda ol şu mowzukda fotosuratlary düşürýän hünärmen hökmünde giňden tanalýar. Onuň döreden eserleri zenanlar mowzugyna ýüzlenip döredilen eserleriň içinde täzelik hasaplanylýar. Onuň suratlarynda zenanlaryň içki duýgulary, şol pursatdaky ruhy ahwaly, düýşlerindäki näziklik özboluşly görnüşde beýan edilýär.
«TürkmenGazet».