Siziň üçin...Slider

«Palawa gel!» aýdymynyň döreýşi

Bir aýdymyň taryhy

29-07-2022 / 88

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, kompozitor Daňatar Öwezowyň:
Gel, gel, gel, gel palawa gel!
Bu palaw han palawdyr, jan palawdyr bu palaw,
Bu palaw janan palawdyr, şan palawdyr bu palaw.
Bu palaw ýagly palawdyr, derde derman bu palaw,
Jüýje, käşirli palawdyr, tüýs palawdyr bu palaw.
Näzli-nygmat arasynda bu palaw, soltan palaw.
Iýenler şat, iýmegen mat, derde derman bu palaw!

— diýen sözler bilen başlanýan «Palawa gel!» aýdymynyň döreýiş taryhy hem örän täsin we gyzykly.
Eli tabakly, palawy taryplap ýören şahandaz ýigidiň aýdymy üçin kompozitor, türkmen halk aýdymynyň äheňini saýlaýar. Ýöne bir zat ýetmeýän ýaly bolup dur. Soň görüp otursa: «Gel, gel, palawa gel» ýetmeýän eken. Ol sözleriň tötänden döreýşi hem täsin.
Bir baýramçylyk güni eken. Daňatar Öwezowyň öýünde işlemek mümkinçiligi bolmansoň, teatra gidip işleýär. Ol köp işläp ýadansoň, şemallaýyn diýip daş çykýar. Howludaky baglaryň aşagynda goýlan oturgyçda oturýar. Aýdym weli, hiç kellesinden çykanok. Nämesi ýetenok? Näme etmeli?
Birden howlyň gapysy çalaja açylýar. Bir ýaşajyk oglanjyk boýnuny uzadyp, howla göz gezdirýär. Howludaky grandy görüp, ýuwaş basyp, onuň ýanyna gelýär. Grandy towlap görse, suw akyp dur. Ol howlyň daşynda duran ýoldaşyna elini salgap: «Gel, gel, bar eken. Suw akyp dur» diýip, suw içmäge çagyrýar. Ana, kompozitora geregi! Ana, aýdyma ýetmeýän zat! «Gel, gel, palawa gel!…»
Daňatar Öwezow ol pursady süýjülik bilen ýatlap, şeýle diýipdir: «Ol oglanjygy, meni döredijilik hupbatyndan dyndyran, ýetmeýän heňi salgy beren çagany bagryma basyp, oňa minnetdarlyk bildiresim geldi. Şol niýet bilen teatryň jaýyna girip, bir gysym süýji alyp çykdym. Emma… Oglanlar meni görüp gaty gorkdular, soraman howla girendikleri üçin temmi berer öýtdülermi, nämemi, güpürdeşip gaçyp gitdiler. «Duruň!» diýip gygyrdym. Olar beter gaçdylar. Şeýdip, men ol oglanjygyň adynam bilip bilmedim, tanşybam ýetişmedim. Ýaşajyk awtoryň kimdigi maňa mälim bolman galdy. Bolmasa, şol il içinde soňra «Palawa gel!» ady bilen meşhur bolan Ilmyradyň aýdymynyň awtorlarynyň biri şol ýaşajyk, çekinjeň oglanjykdy».
«Palawa gel!» aýdymy il içinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ilkiler ol aýdymy operada («Şasenem-Garypda») Ýolaman Hummaýew, Hoja Annaýew, Hojaw Annadurdyýew dagy aýdan eken. Soňra Ata Ilamanow ussatlyk bilen konsertlerde ýerine ýetirýär. Ýolaman Hummaýewe «Palawa geli» üýşmeleňlerde gaýtalap-gaýtalap aýtdyrar ekenler.
Bir garryja mama Ýolamanyň aýdymyny diňläp:
— Oglum, näçe palaw iýsemem, seniň taryp edýän palawyňy iýip göremok — diýipdir.
Şonda Ýolaman:
— Ol palawy iýesiň gelýän bolsa ene, ýör öýe gideli, Bibi gelniň bişirip berer, menem ýanyňdajyk hiňlenip, onuň tarypyny ýetirerin — diýipdir. Ana, şol haý-haýly «Palawa gel!» aýdymy şeýleräk döräpdir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu