Üstümizdäki ýylda eziz ýurdumyz Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň ençemesiniň arasynda diplomatik gantaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Soňky 30 ýylyň içinde ýurdumyzyň şol döwletler bilen alyp barýan diplomatik gatnaşyklarynda taryhy sahypalaryň ençemesi ýazyldy. Şeýle döwletleriň biri hem Wýetnam Sosialistik Respublikasydyr.
Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy iýulynda ýola goýuldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň birek-birege saparlarynyň ençemesi amala aşyryldy. Türkmen-wýetnam daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň hukuk binýady emele geldi.
Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnamda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde ýurduň paýtagty Hanoýda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Wýetnam kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meselelere içgin seredildi we birnäçe resminamalara gol çekildi. Geçirilen bu maslahat türkmen-wýetnam diplomatik gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamynda hem gatnaşyklar barha ösdürilýär. Iki dostlukly ýurduň taryhy baglarynyň bardygy aýratyn bellemeli ýagdaýlaryň biridir. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda geljekde hem gatnaşyklaryň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.