Biziň hemmämiz ýagyş ýagmagynyň yzýany asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli owadan görnüşli reňkli älemgoşary gören bolsak gerek. Ol gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde emele gelýär. Geliň, ony has aýdyňlaşdyraly!
Aslynda, bize sary bolup görünýän hem bolsa, Gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde beýleki ähli reňk jemlenen. Ýagyş damjasy ol reňkleri bölüp, aýratynlykda görkezýär. Ýagny ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen döreýär. Bu tebigy hadysa kähalatda ümürli howada Gün şöhlesiniň döwülmegi bilen döräp bilýär. Onda ýedi reňk jemlenendir: gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök, we benewwe. Adatça, onuň reňkleri şu tertipde bolýar.
Bulardan başga-da, diňe inçe gyzyl ýa-da gyzyl-ýaşyl reňkli älemgoşarlar hem bolýar. Ýagşyň damjalary iri bolsa älemgoşaryň reňki has dury we reňkleriniň tapawudy açyk görünýär. Ownuk ýagyş damjalary has owşak we giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar ümürli howada has köp gabat gelýär. Adatça, ýarym aý görnüşinde peýda bolýän bu hadysa dagyň depesinden we uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp biler. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty ikindinara, güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň gabat garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda bolsa, älemgoşar ýere şonça ýakyn bolýar. Şol sebäpli ýedi reňkli älemgoşar irden agşama ýakyn peýda bolýar. Bu tebigy hadysa dürli halklaryň edebiýatynda hem orun berlipdir. Şeýle hem bu barada dürli rowaýatlar döräpdir. Ol Günbatar medeniýetinde umyt we bagtyň simwoly hasaplanýar.
«TürkmenGazet».