HabarlarSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

28-07-2022 / 13

27-nji iýulda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ony Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde gurady.

Jemleýji bäsleşige onuň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Türkmen keçeleriniň gadymy nusgalaryny dikeltmek, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik üç şertden ybarat boldy.

Ýeňijiler şeýle kesgitlendi:

Baş baýrak:

  • Akjemal Saparowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy;
  • Alma Orazmyradowa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

1-nji orun:

  • Maýa Nuryýewa, Kaka etrabynyň ýaşaýjysy, öý hojalykçy;
  • Annasoltan Sähetgurbanowa, Tejen etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

2-nji orun:

  • Gülruh Niýazmyradowa, Esenguly etrabynyň Bugdaýly oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
  • Tuwakgül Meredowa, Türkmenbaşy etrap medeniýet merkeziniň hünärmeni;
  • Bazargül Annaýewa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy;
  • Läle Durdyýewa, Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň Allaýaroý oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy.

3-nji orun:

  • Maýa Annakowa, Saýat etrabynyň Sakar şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň usulçy-guramaçysy;
  • Maýsa Ýazmyradowa, Saýat etrabynyň Sakar şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy;
  • Aýbibi Aşatowa, Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşliginiň ýaşaýjysy;
  • Oguljemal Momatakowa, Mary welaýatynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň hünärmeni.

 

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu