Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda döwlet durmuşyna degişli bolan birnäçe kanunçylyk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan makullanyldy.
“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr. Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we degişli Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.