Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Özbegistanyň Buhara şäherinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi. Forumyň jemleri boýunça umumy bahasy 450 million amerikan dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekildi.
Ýurdumyzyň resmi gazetlerinde habar berlişi ýaly, iki goňşy ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda mebel toplumynyň, konditer, himiýa we oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada özara resminamalara gol çekildi. “Aýbölek” mebel fabrigi doganlyk ýurduň paýtagtynda durmuşa geçirilýän “Daşkent-sitidäki” orta mekdebi we çagalar baglarynyň ikisini mebel önümleri bilen üpjün etmek barada ylalaşyklary baglaşdy. Şeýle hem geljekde Özbegistanyň Daşkent, Samarkant we Buhara şäherlerinde mebel fabriginiň şahamçalaryny açmak meýilleşdirilýär.