Niderlandlar Patyşalygynyň Eýndhowen Tehnologiýa uniwersitetiniň talyplar topary howadaky kömürturşy gazyny özüne siňdirýän elektrik awtoulagyny oýlap tapdylar.
Awtoulagy öndürijiler täze awtoulagyň has köp mukdarda kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigini mälim etdiler. “Zem” topary bu awtoulagy gaýtadan ulanyp boljak plastik serişdelerinden öndürdiler. Ulagyň içinde ulanylan materiallar hem ekologiýa taýdan durnuklydyr. Şeýle hem onuň aýnalarynyň ýerine ulanylan polikarnobat daşky gurşawa zyýany azdyr.
Ulagda ýerleşdirilen maglumat-dynç alyş hem-de elektronika we ýagtylandyryş ulgamlaryny islendik wagty ulagdan aýryp, başga ýerde ulanmak bolýar. Işläp düzüjiler, ulagyň 60 km/sag tizlikde giden halatynda ýyllyk 20600 kilometr ýol geçende, bary-ýogy 2 kilogram kömürturşy gazyny howa goýberýändigini belläp geçýärler. Şeýlelikde, bu tehnologiýanyň tutuş dünýäde ulanylan ýagdaýynda howanyň arassalanmagyna uly goşant bolar.
“Zem” filtri 320 kilometr ýol geçenden soňra kömürtuşy gazy bilen dolýar. Howadan sorulyp alnan kömürturşy gazyny ýörite gaplarda saklamak mümkin. Yöne alymlar heniz sorulyp alnan kömürturşy gazyndan nähili peýdalanyljakdygy barada belli bir karara gelmediler. Emma şol kömürturşy gazyndan ekologik beton, sintetiki ýangyç we plastik önümlerini öndürmek mümkindir.
Döwlet GELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri.