Mekdepde we işde esasy sarp edilýän serişdeleriň esasy bölegi kanselýar harytlary bolup durýar.
Mekdep we ofis harytlaryny gündelik durmuşda peýdalanmak çagalar bagyna gatnaýan körpelere, umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň ähli synplaryndaky okuwçylaryna, orta hünar, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, diňleýjilere, görnüşine garamazdan ähli edaralaryň we ofisleriň işgärlerine, işewürlik we söwda düzümleriniň wekillerine hem mahsusdyr. Şonuň üçin hem durmuşda we işde şeýle serişdelere aýratyn orun degişli bolup durýar. Şoňa görä-de kanselýar harytlarynyň innowasiýa döwründe hem ähmiýeti pese düşenok. Gaýtam, bilime we okuwa höwesek nesliň ýetişmegi hem-de hünärmenleriň artmagy, zähmet bazarynda iş orunlarynyň ýüze çykmagy bilen oňa bolan isleg has-da ýokarlanýar. Şu nukdaýnazardan hem halkymyzyň bu ugurdaky serişdelere, okuw we iş esbaplaryna bolan islegleriniň we zerurlygynyň nazara alynmagy esasynda olaryň önümçiligi we hödürlenilişi hem döwrebaplaşdyrylýar.
Häzirki wagtda halkymyza edilýän söwda hyzmatlarynyň çäklerinde bu ugryň hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde degişli ugra ýöriteleşdirilen söwda nokatlary emele gelip, olar raýatlara mynasyp hyzmat edýärler.
Kanselýar harytlaryň uly toplumyny müşderilere hödürlemek bilen meşhurlyga eýe bolan «Galam» mekdep we ofis harytlary dükanlar toplumy hem şolaryň biridir. Indi birnäçe ýyllardan bäri degişli çygyrda ilatymyza ýokary hilli önümleri hödürleýän bu dükanlar täze okuw ýylynyň öňisyrasynda öz tekjelerini täze okuw esbaplary, iş enjamlary we täze önümleri bilen baýlaşdyrdy. Paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde hereket edýän «Galam» dükanlarynda mekdep okuwçylary, çagalar, talyplar we işgärler üçin gerek bolan harytlaryň örän köp görnüşi jemlenýär. Bu ýerde körpejeleri bilime höweslendirmek maksady bilen öwrediji oýunlaryň toplumlaýyn serişdeleri, suratly albomlar, dürli dillerdäki ertekili kitaplar, oturgyçlar we partajyklar, hem bar. Bu ýerlerde dürli galamlardan başlap, sumkalara çenli, iş stoly üçin zerur enjamlar, gyzykly eserleriň ýygyndylary, daşary ýurt edebiýatynyň eserleri bilen bagly neşir önümleri, aýratynam ýaş nesillere gerekli bolan harytlar hemişe müşderiler üçin elýetleri edilendir. Olaryň meşhur brendler bolmagy bolsa peýdalanyjyny has-da begendirýär. Ýokary hilli önümler köp wagtyň dowamynda öz ähmiýetini we täsirini ýitirmeýär. Şeýle önümler bolsa çagalarda bilime we okuwa bolan höwesi artdyrýar.
«Galam» mekdep we ofis harytlary dükany döwrüň talabyna eýerip onlaýn söwdany hem ýola goýdy. Müşderiler islendik amatly wagtda we dürli sebitlerde internete baglanan ykjam enjamy arkaly «Galam.tm» saýtyna ýüzlenip, onlaýn dükandan islän harydyny saýlap we sargyt edip bilýär. Bu bolsa Garaşsyz ýurdumyzda milli sanlylaşdyrmagyň ähli pudaklarda işjeň ornaşdyrylandygynyň alamatydyr. «Galamyň» sanly söwdasy we döwrebap hyzmatlary bolsa öz peýdalanyjylaryny hemişe durmuşa we zähmete höweslendirýär.
Aýna KULIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.