Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň özi biz — ýaşlarda döwletli döwrümize bolan söýgini artdyryp, ata Watanymyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen dabaralanan döwlet syýasatynyň bu möhüm ugry döwletiň has röwşen geljegi bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem ýaşlar baradaky alada Arkadagly Serdarymyzyň hem hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegi, ýaş hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanmagy, innowasiýanyň we häzirkizaman mümkinçilikleriniň ähli düzümlere giňişleýin ornaşdyrylmagy, ýaş türgenleriň taýýarlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi, milli terbiýe ulgamynyň dikeldilmegi we arassa ahlakly nesliň ýetişdirilmegi berkarar döwletiň mynasyp ýaşlaryny ýetişdirmäge oňyn mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýaş raýatlary durmuş taýdan goramaga, ýaş maşgalalara goldaw bermäge, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmäge berilýän üns hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu günki günde türkmen ýaşlary kämil bir maşgalany esaslandyrmagyň, zähmet çekýän ulgamynda öndürijilikli işlemegiň hötdesinden gelmegi başarýarlar. Türkmen ýaşlarynyň ösüşiň ähli ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri mähriban halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň milli mertebämize mahsus sypatlary, gaýratly we dogumly keşbi ak geljege bolan umytlara ganat, ynamlara ygtybarlyk bagyşlaýar.
Ýaşlar syýasaty bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmäge-de aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ýaşlaryň pikir-garaýyşlaryna orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar, hususan-da talyplar bilen bolan duşuşyklarynda bu meselä aýratyn ünsi çekmegi örän guwandyryjy ýagdaýdyr.
Degişli maksatnamalar, meýilnamalar we öňde goýulan wezipeler bilen ýaşlar syýasatyny milli kanunçylygyň döwrebap görnüşinde kämilleşdirmek ýörelgesi hakyky türkmençilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Çünki ata-babalarymyz hem perzent terbiýesine, ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuna we olaryň geljegine aladaly nazar bilen seredipdirler. Şeýle aladalaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegi bolsa biz — ýaşlarda has yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek ýaly duýgulary ebedileşdirýär.
Geljekde hem biz Gahryman Arkadagymyzyň pent-sargytlaryna wepaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerine ygrarly bolup, saýlap alan kärimizde ökde hünärmenler bolup ýetişmegi maksat edinýäris. Biz ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmaly nesiller hökmünde yhlas-başarnygymyzy, zehin-ukybymyzy diňe mähriban ýurdumyzyň ösüşlerine gönükdirmegi öz mukaddes borjumyz hasaplaýarys.
Döwlet berkarardyr täze eýýamda,
Täze Galkynyşyň bady dowamdyr.
Hemem Arkadagly Serdary bilen
Türkmen ýaşlarynyň ýoly rowandyr.
Saýat AKMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.