Draupadi Murmunyň Hindistanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygy barada habar beripdik. Düýn — 25-nji iýulda bolsa Hindistanyň saýlanan Prezidenti kasam kabul etmek bilen, wezipä girişdi. Bu barada «BBC News» habar berýär.
Kasamy Ýokary suduň başlygy Nutalapati Ramana kabul etdi. Şeýle-de dabara Premýer-ministr Narendra Modi we öňki döwlet ýolbaşçysy Ram Nath Kowind hem gatnaşdy.
Bellemek gerek, Murmu Hindistany 2007-2012-nji ýyllarda dolandyran Pratibha Patilden soňky ikinji zenan Prezident hökmünde ýurduň taryhyna girdi.
«TürkmenGazet».