Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary Bişkekde başlanan Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynda çykyşlaryna bäş döwde Gazagystanyň toparyndan üstün çykmak bilen başladylar, diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Hormat baýragy ugrunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň erkekler milli ýygyndylary bäsleşýär.
Ilkinji oýun biziň woleýbolçylarymyz üçin aňsat bolmady. Olar ilkinji iki oýunda utuldylar – 19:25 we 20:25. Ýöne soňky üç oýunda üstün çykdylar – 25:21, 25:22 we 15:13, netijede gaýrat görkezip, ýeňiş gazandylar – 3:2.
Türkmenistanlylar ikinji tapgyrda gyrgyzystanly garşydaşlary bilen duşuşarlar, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlary bolsa öz aralarynda oýnarlar.
Ýaryş 27-nji iýulda tamamlanar.
«TürkmenGazet».