Olar barada 25-nji iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde giňişleýin maglumatlar berildi.
Häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungatyny, atlary bezemegiň hem-de ýüpek önümçiliginiň däplerini we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerine garalýar hem-de degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly ugur boýunça pikir alyşmalar boldy.
Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça gazanylan netijeler we bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda-da maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy bellenildi. Ýurdumyz dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin gorap saklamakda ägirt uly işleri alyp barýar. Bu Konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň milli topary tarapyndan Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek boýunça milli derejedäki maglumatlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Mejlisde bu transmilli ugur boýunça ýerine ýetirilen we geljekde edilmeli işler barada hasabat berildi.
«TürkmenGazet».