Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň,
ÝALŇYZLYKDA,
ÝOKLUGYŇDA,
ÝOLUŇDA
Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Solup gitdi saňa netlän güllerim
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Indi ýazlar bark uranok öňki deý,
Dünýä dymdy, dünýä diňe seňki deý,
Agdy gitdi durmuşymyň eňki-leý
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Asman ýaly arassadyň, sadadyň,
Durmuşymyň güneşidiň — odudyň,
Men çalajan umytlardan ýadadym
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Gursagymda agyry bar, agy bar,
Setirlermiň nalasy bar, ahy bar,
Şo-ol garaşyp ýörşüm saňa ahy-zar
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda…
***
HUŞUMDAN SYRYLYP, ÝITIP GITDIŇ SEN
Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.
Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan ýerine barman.
Asmany özüme syrdaş tutundym,
Zeminden tapmamsoň göwünlik berjek.
Ýa yşkymy nesýe hasap etdiňmi?
Gel ahyr, söýgimi ömürlik berjek!
Men saňa şeýle bir düşünjek boldum,
Agtardym ýoluny ýüregňe girmäň.
Saňa duşup bolar öýden ýerlemde
Hatiko deý her gün garaşdym irmän.
Emma sen geleňok, tersmikä bir zat…
(“Ýa demrinden boldy, ýa-da kömründen”)
Goý, bu söýgim ömrüm bilen bäs etsin,
Ýöne ömri uzak bolsun ömrümden….
***
DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.
Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.
Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.
Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.
Sapa HOMMADOW.