Siziň üçin...Slider

Elektron poçta belgisi @ nädip döredi?

24-07-2022 / 20

Internetiň resmi taryhynda elektron poçta salgysyndaky @ belginiň amerikaly elektronika inženeri Reý Tomlinson tarapyndan girizilendigi kabul edilýär.

Ol 1971-nji ýylda Web arkaly dünýädäki ilkinji elektron habaryny iberdi. Şol pursatda birbada iki roly (iberiji we kabul ediji) ýerine ýetirmäge mejbur boldy. Şeýle hem e-poçta salgysynyň görnüşini özi oýlap tapmalydy. Atlaryň ýazylyşynda bulaşyklygyň öňüni almak üçin “bölüji” hökmünde klawiaturada berlen atlarda we familiýalarda hiç hili gabat gelmeýän nyşan saýlady. Kompýuter klawiaturasynda bolsa, bu nyşan ýazuw maşynlarynyň klawiaturasyndan miras hökmünde peýda boldy. 1885-nji ýylda “Underwood” ýazuw maşynynyň (ABŞ) ilkinji modeli @ nyşanly klawişa bilen enjamlaşdyrylypdy.

@ nyşanyň özi orta asyrlardan gelip çykýar. Italiýaly gözlegçi Jorjio Stabile Florensiýanyň golaýyndaky Prato şäheriniň Ykdysady taryh institutynyň arhiwinde bu nyşanyň ilkinji gezek ýazmaça ýazylan resminamasyny tapdy. 1536-njy ýylda ýazylan bir resminamada (florensiýaly bir täjiriň hatynda) Ispaniýa gelen we ýükleriniň bir bölegi hökmünde @ nyşany bilen bellik edilen çakyr gaplary bar. Stabile @ belgisiniň “amfora” sözüni çalyşýan ölçeg birligi hökmünde ulanylandygy barada netijä geldi (“amfora” gadymy döwürlerden bäri uniwersal göwrüm ölçeginiň atlandyrylyşy).

Şeýlelik bilen, häzirki zaman poçta belgisiniň asyl manysy gadymy döwürdäkiden düýpgöter tapawutlanýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu