Habarlar

Dünýädäki iň garry erkek panda wepat boldy

22-07-2022 / 15

Anan atly panda umuman iýmit iýmegi togtatdy we onuň saglygy juda agyrlaşdy. Gonkong Okean parkyndaky weterinariýa lukmanlary haýwany azaplardan dyndyrmak üçin ewtanizasiýa, ýagny ölüm jezasyny bermek kararyna geldiler.

Anan 2016-njy ýylda 38 ýaşynda wepat bolan dünýäde iň uzak ömür gören gigant panda bolan Szýasýa bilen bile Gonkonga 1999-njy ýylda getirilipdi.

Gonkongdaky Okean parkynyň maglumatlaryna görä, garry panda Anan-yň 35 ýyllyk ömri ynsanyň 105 ýylyna deňdir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu