- Gök önümleriň çigidini nädip arassalamaly?
Hyýaryň çigidini aýyrmak isleseňiz, onda doňdurma çemçejigini ulanyň. Şeýle-de, inçejik dilimlenen işdäaçar taýýarlamak üçin doňdurma çemçejigi ulanyp bilersiňiz.
- Bişiren naharyňyz gaty ýagly bolsa…
Eger-de, bişiren naharyňyz gaty ýagly bolsa, onda bir jübüt buz bölejigini naharyňyzyň üstüne damdyryň. Buz naharyňyzyň içinde magnit ýaly hereket edip, ýag dokumalaryny özüne çeker.
- Miweleriň gabygyny aňsatlyk bilen arassalamak üçin
Apelsinleriň we limonlaryň daşky gabygyny aýyrmakda kynçylyk çekýärsiňizmi? Miweleriňizi mikrotolkunda 20 sekunt goýuň. Şeýlelikde, onuň aňsatlyk bilen aýrylandygyna göz ýetirersiňiz.
- Gaýnadylan ýumurtganyň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak
Ýumurtgany gaýnadýan suwuňyza soda ýa-da sirke goşuň. Bu maddalar ýumurtganyň gabygynyň içine girip, onuň gabygynyň has aňsat ýol bilen aýrylmagyna mümkinçilik berer.
- Sitrus miwelerinden has köp suw almak
Limony soňky damjasyna çenli ulanmak isleseňiz, ilki miwäni sowadyjyda salkyn ýerde goýuň, soňra ony mikrotolkunda 15-20 sekunt goýuň we netijäni görüň.
- Sogan dogranyňyzda gözýaş dökmezlik üçin
Sogany dogramazdan ozal 30 minut doňduryjyda goýuň. Sogan dograp duran wagtyňyzda sakgyç çeýneseňiz ýa-da duza seredip dursaňyz gözýaşyňyzy saklap biler.
- Bişirilen önümleri gyzdyrmagyň dogry usuly
Mikrotolkunda pizza ýa-da bişirilen nahar gyzdyrylanda, gapdalynda bir stakan suw goýuň. Sebäbi çyglylyk iýmitiň guramagynyň öňüni alýar.
- Lezzetli ýumurtga bişirmek
Ýumurtga bişirýän gabyňyza biraz suw goşuň. Bu usulyň kömegi bilen bişirýän ýumurtgaňyz tagamy has lezzetli bolar.
«TürkmenGazet».