Her ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä beýni güni bellenilýär. Bu baýram bütindünýä newrologiýa federasiýasy tarapyndan beýniniň saglygynyň ähmiýeti barada giň halkyň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak üçin döredildi.
1957-nji ýylda Brýusselde döredilen milli newrologiki jemgyýetleriň halkara birleşmesiniň agzalary häzirki wagtda dünýäniň ähli sebitlerinde ýüzden gowrak newrolog birleşigini döretdiler. Newrologiýa merkezi we periferiýa nerw ulgamynyň, şol sanda beýniniň keselleri bilen meşgullanýan lukmançylyk pudagydyr.
Soňky ýyllarda beýnini öwrenmekde ep-esli öňegidişligiň bardygyna garamazdan, beýniniň işiniň köp taraplary alymlar üçin henizem syr bolup galýar. Bütindünýä beýni güni, esasan, beýniniň saglygynyň we nerw ulgamynyň iň köp ýaýran keselleriniň ähmiýetine düşünmeklige bagyşlanýar.
Beýni, aslynda buýruk gurluşy bolup, onuň netijesinde ähli adam organlarynyň işjeňligi amala aşyrylýar. Işindäki islendik şowsuzlyk, adamyň ýaşaýyş ukybyna täsir edip, dürli beden ulgamlarynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Adamyň nerw ulgamynyň keselleri, beýniniň keselleri adam üçin agyr netijelere getirýär, käwagt çaklamak hem kyn.
Lukmanlar beýniniň saglygyny goramak üçin erbet endikleri ret etmek, sagdyn uky, sagdyn iýmitlenmek, arassa howada gezmek, bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirmek, akyl işjeňligi ýaly maslahatlary berýärler. Beýnini yzygiderli “türgenleşdirmek”, adaty bolmadyk meseleleri çözmek, çözgüt gözlemek, ýokary akylly adamlar bilen aragatnaşyk saklamak, edebiýaty okamak, dürli ugurly krosswordlary çözmek arkaly saklanyp bilner.
Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.