Siziň üçin...Slider

Algoritm we al-Horezmi

21-07-2022 / 48

Algoritm diýip bellenilen maksada ýetmek ýa-da goýlan meseläni çözmek üçin ýerine ýetirilmeli hereketleriň (işleriň) yzygiderliginiň takyk we düşnükli görkezmesine aýdylýar. Hemme kompýuterlerde we elektron gurluşlarda programmalar algoritm esasynda ýerine ýetýärler.

Algoritm düşünjesi häzirki döwürde ylymda we durmuşda giňden ýaýran düşünjeleriň biridir. Algoritm sözüniň gelip çykyşy IX asyrda ýaşap geçen gündogaryň görnükli alymy Muhammet al-Horezminiň ady bilen baglanyşyklydyr. Al-Horezmi öz işleriniň birinde ilkinji gezek hakyky sanlaryň üstünde arifmetiki amallaryň ýerine ýetiriliş düzgünlerini beýan edipdir.

Algoritm sözi, IX asyryň 1-nji ýarymynda ýaşap geçen gündogaryň beýik alymy Muhammet al-Horezminiň adyndan gelip çýkýar (ol takmynan 780-nji ýylda doglan we 850-nji ýylda ýogalan hasap edilýär). “Al-Horezmi” diýmek “Horezmden diýmekligi” aňladýar. (merkezi Hiwa şäheri bolup häzirki Özbegistanyň taryhy welaýaty). Al-Horezmi, 825-nji ýyl töwereklerinde düzme ýazypdyr, şonda ol Indiýada döredilen ornyna bagly onluk sanaýyş ulgamyna ilkinji bolup düşündiriş beripdir.

Al-Horezmi täze ulgamda hasaplamagyň düzgünini düzen we ilkinji gezek sanlar ýazylanda taşlanylýan orny aňlatmak üçin 0 sifri ulanypdyr. XII asyryň birinji ýarymynda Al-Horezminiň kitabynyň latyn terjimesi Ewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr, terjime eden terjimeçi şol kitabyna “Algoritmi de numero” diýip at beripdir (Al-Horezminiň düzmesiniň “Hasaplaýyşyň hindi sungaty”). Şeýlelik bilen biz bu kitabyň adyna Al-Horezminiň latynça terjime edilen ady bilen atlandyrylandygyna we şol makala arkaly Ýewropa dillerine “algoritm” sözüniň ýaýranlygyna şu gün hiç kimde hiç hili şek-şübhe ýok.

Bu günki gün kompýutersiz durmuşy göz öňüne  getirmek  mümkin däl. Muhammet al-Horezminiň  hasaplamagyň düzgünini düzmegi  esasynda hem şu kompýuterler  işleýärler.

Maral HOJAMEDOWA,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu