Giriş synaglarynyň dowam edýän günleriniň tolgunmasyny ömründe bir gezegem bolsa, dalaşgär bolup, giriş synagyny tabşyryp görenler juda gowy bilýändirler. Şol tolgunma dalaşgäriň ruhy ahwalyna uly täsirini ýetirýär. Bu bolsa dalaşgärleriň dürli ýalňyşlyklara ýol bermegine sebäp bolup bilýär. Şonuň üçinem, synaglara yhlas bilen taýýarlanýan dalaşgärleriň gymmatly wagtyna el degirmezden, olaryň dykgatyna ruhy taýdan goldaw berjek birnäçe maslahaty ýetirmegi makul bildik.
- Beýniňiziň ýagdaýyny sazlamaga çalşyň!
Synag güni size ähli zatlaryň 2-3 esse kynlaşan, çylşyrymlaşan ýaly bolup görünmegi ahmal. Ýöne bu siziň göwnüňizedir. Alada, tolgunma adama ters täsir edýär. Netijede, beýniniň işinde bozulmalar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýa uçramazlyk üçin keýpiňizi kök saklamaga, aladadan alyp çykyp biläýjek zatlara üns bermäge çalşyň! Ahwalyňy durnukly ýagdaýda saklap bilmek – iň gowusy.
- Şowlulyga ynanyň!
Synag boljak güni ir bilen oýanyň, mylaýym suwa ýuwunanyňyzdan soňra, töweregiňizi synlaň! Şonda hemme zadyň öňki-öňkülikdigini görersiňiz. Hemme zat adaty ýagdaýda bolsa, diýmek, bu gün size hem tolgunara, alada edere hiç hili sebäp ýok. Bu günki günüň hem adaty günler ýaly asuda geçjekdigi, hemme işleriň ugruna boljaklygy barada pikirleniň!
- Siz ýeke däl!
Ýola çykanyňyzda öň adamlar size üns berýän bolsa, synag güni üns bermeýän, hatda siziň töwereginde barlygyňyzy hem duýmaýan ýaly görnüp biler. Ýöne asla beýle däl. Töwerege ýylgyryş bilen bakyň, ajaýyp köçeleri, gözel binalary, watandaşlaryňyzyň ýüzlerindäki mähriban garaýyşlary synlaň!.. Olar size ruhy güýç berer. Öňüňizden çykan adamlaryň ählisine, adaty günlerdäki ýaly, isle tanyş bolsun, isle-de nätanyş, ýylgyryp salam beriň! Bulardan alýan ruhy güýjüňizi siz synagyň dowamynda duýarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde, bu hereketler sizi aladalardan daşda saklar.
- Hyýalyňyzdaky nerw dartgynlygyny aýryň!
Nerw dartgynlygynyň esasy wezipesi sizi howsala düşürmekdir. «Okuwa girip bilmeseň näme bolar?», «Senden has mynasyplar bar…», «Bilimiň ýeterlikmikä?» — bularyň barysy nerw dartgynlygynyň, üznüksiz aladanyň netijesinde döreýär. Ony tiz wagtyň içinde dogrulamak gerek. Öz – özüňizi köşeşdiriň, ähli zatlaryň diňe gowulyga tarap boljagyna ynanyň! Okan kitaplaryňyzdaky, tomaşa eden çeper filmleriňizdäki mydama işi şowlaýan gahrymanlary ýadyňyza salyň! Islendik pursatda şol gahrymanyň şowlulygynyň özüňizde hem bolup biljegine ynanmak sizi ruhy taýdan üstünlige golaýlaşdyrar.
Hormatly dalaşgär! Degişli kitaplary okap, maglumatlary öwrenip bolanyňdan soň, öňde duran synaglara ruhy ahwalyň taýýarlyk derejesi hem düýpli täsir edýär. Özüňe bolan ynamy ýitirmezlik, ruhuň belentde bolmagy – siziň synagyň dowamynda üstünlikli çykyş etmegiňize goltgy bolar.
Synaglarda diňe üstünlik hemraňyz bolsun, hormatly dalaşgärler!
Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.