Habarlar

«Türkmenistan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Gazetiň 20-nji iýuldaky sanynda çap edilen düzgünnamany hödürleýäris

20-07-2022 / 13

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen buýsançly sözlerinden ugur alyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrmak, milli mirasymyzy aýawly saklamak we geljek nesillere ýetirmek, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmak, ýaşlarda Watana, gadymy gymmatlyklarymyza bolan söýgini terbiýelemek babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeşlerimize, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr. Maşgala agzalarynyň ählisi diýen ýaly, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat, oba hojalygy, telekeçilik kimin, haýsydyr bir ugra ykbalyny baglan, meselem, mugallymlar ýa-da lukmanlar, aýdymçylar ýa-da artistler, senetkärler ýa-da halyçylar maşgalalary bolsa, olar barada hem makalalardyr oçerkler ýazylyp, bäsleşige hödürlenilip bilner.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän ildeşlerimiz oňa hödürleýän işlerini «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

Bäsleşige gelip gowşan eserlere döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.

Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli jemlener. Ýeňijilere «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu