Gadyrly dalaşgär!
Bilýän, häzir seniň üçin örän tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak ýakymly pursat dowam edýär. Irginsiz yhlasyň, ukyp-başarnygyň, bilim derejäň synagda saldarlanjak günleri erte-birigün. Oňa barýan her minutyň nähili geçýändigini sorap oturasy iş ýok. Özüň ýaly müňlerçe ýaş zehiniň içinden saýlanjak synagyň seniň üçin ykbal özgerdiji wakadygyna hem düşünýän. Edil şeýle pursaty hut meniň özüm hem başymdan geçiripdim.
Bu gün men saňa diňe öz bilimiňe bil baglamagy maslahat berip biljek. Öýüňden hem eneň-ataň ak arzuwlary bilen synaga gaýdarsyň. Şonda saňa ynam atly beýik ýoldaş hemaýat berer. Ynam hem yhlas bilen başyna baryljak işiň bolsa şowly çykjagyna kepil geçip biljek. Şonuň üçin bu jogapkärli hem-de örän çylşyrymly möwsüm saňa özüňi gaýtadan açmaga hem pursat berer. Öz taýýarlygyň, özleşdiren bilimleriň derejesini ölçemäge, köp zatlara göz ýetirmäge, täze tanyşlyklary açmaga, özüň ýaly dalaşgärler bilen didarlaşmaga amatly wagty bagyş edýän bu möwsümde aşa aladalanmazlygy, tolgunmazlygy maslahat berýärin. Özüňi dürse, içiňdäki we seriňdäki bulam-bujarlygy saýhalla, aklyňa daýan, nesibe diýilýän güýjüň hem gaýry däldigine dürs düşün, nerwi dartgynlylygyndan köşeş, özüňi rahat duý we ýene-de bir gezek özüňe ynan, arzuwlaryňa gowuşmaga tarap ädimleriňi mäkäm bas, dargursak bolma, maksada okgunly bol!
Hawa, bulary berjaý etmek belki-de saňa häzir kynrakdyr. Ýöne şeýle ýagdaýda giň göwünli we belent ruhly bolmagyň zerurlygyny hem unutma! Çünki bu diňe bir bilim babatda däl-de, şahsyýet hökmündäki derejäň hem synagydyr. Durmuş bilen berk badaşan şeýle synaglar seniň köp babatda kämilleşmegiňe hem ygtybarly geçelge bolar.
Aslynda, şeýle synaglara gatnaşmagyň, ýokary bilim almaga dalaş etmegiň özem derejedir. Heniz bu ýola çykyp görmedikler, ençeme ýyllap nesibe bijesi çykmadyklar hem bar ahyry. Bu ýyl bolsa geçenkiden hem köp talyp kabul edilýär. Täze hünärler, täze mümkinçilikler açylýar. Alada etme, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Eger tolgunsaň aljyramagyň mümkin.
Mähriban deň-duşum!
“Ýagşy niýetler, ajaýyp arzuwlar, çekilen yhlaslar, ýiti zehinler ýerde ýatýan däldir” diýip ýaşulularymyz köp nygtamaýarmy eýsem?! Ynha diýmän, sen synaglardan hem şowly geçersiň, öz maksatlaryňa-da ýetersiň! A men bolsa indiki hatymda saňa “Ýoldaş talyp!” diýip ýüzlenerin.
Saýat AKMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.