Habarlar

TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň düýbi tutuldy

20-07-2022 / 9

19-njy iýulda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy wakasyna döwlet ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly,  şu ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz bu ýokary okuw mekdebiniň binasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekipdi. Täze ýokary okuw mekdebi umumylykda 8 gektara barabar meýdany eýelär. Onuň çäginde 9 gatly esasy bina we 6 gatly okuw binalarynyň 4-si, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si, kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport desgalary, 1000 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar bolar.

Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy alyp barar. Bu toplum binagärligiň we gurluşygyň iň soňky gazananlary ulanylyp bina ediler. Ony 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda doly taýýar edip, ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

TSTB-niň ýokary okuw mekdebinde işewürlik we menejment, maglumat tehnologiýalary, himiýa tehnologiýalary we dag-magdan pudagynyň işewürligi, oba hojalyk işewürligi, binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi, hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça fakultetler, onlarça kafedra, şeýle hem dil öwreniş bölümi hereket eder. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk esaslary, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu