Gowy kitaplar adamyň ünsüni derrew özüne çekýär. Kitap okamak dil baýlygyňy ösdürmekde, dünýägaraýşyňy giňeltmekde diýseň ähmiýetlidir. Şonuň üçin kitaby köp okamak, onda-da many-mazmunyna düşünip okamagy öwrenmek örän zerurdyr. Eýsem, nädip çalt okamaly?
Päsgelçilikler
Alymlaryň birnäçesi çalt okamaga päsgel berýän 3 sany esasy sebäbi görkezýär. Olar: ýazgyny sesli okamak, kitap okaýan mahalyň başga zatlara ünsüňi sowmak, okalan setiri gaýtalap okamak. Bu päsgelçilikleri aradan aýyrmak biziň özümize bagly. Eger sizde sesli okamak endigi bar bolsa, onda gyssagly ýagdaýda saplanmaly. Sebäbi bu endik okamak usulyny haýalladýar.
Wagt
Okaýan mahalyň töwerekde, mümkin boldugyndan, ünsüňi sowup biläýjek zatlaryň bolmazlygyny gazanmaly we okamagyň arasy bölünen ýagdaýynda, okap bolan setiriňize bellik goýmaly. Bu size şol setire gaýtadan wagt harçamazlygyňyza kömek eder.
Indiki setire geçýän mahalyňyz, setiriň başyna däl-de, 1 santimetr saga serediň. Setiriň ahyryna ýeteniňizde bolsa, soňky santimetrine seretmäň! Ilkibada sizde her setiriň başy we ahyry görünmeýän ýaly duýgy dörär. Emma, aslynda, siziň gözüňiz olary okap geçýär. Netijede, her setirde nazaryň egleniş ýagdaýyna sarp edýän wagtyňyz azalýar.
Arakesmeler
Yzygiderli okamak belli bir wagt aralygynda dowam etdirilmelidir. Barlaglaryň netijesinde 20 minut okaýyşdan soňra beýniniň maglumaty kabul etmesiniň kem-kemden kynlaşyp başlaýandygy anyklanyldy. Şonuň üçin hem her 20 minutdan arakesme etmek okaýan zadyňyzyň çalt ýatda galmagyna kömek eder.
Rüstem MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.