SliderSyýahatçylyk

Özbegistanyň meşhur seýilgähleri

19-07-2022 / 17

«Alyşir Nowaýy»  adyndaky  milli seýilgähi Özbegistanyň iň uly şäher seýilgählerinden biridir. 1932-nji ýylda Daşkentde Komsomol guramasynyň agzalary tarapyndan esaslandyryldy. Bu seýilgäh meýletinçiler tarapyndan köne kerpiç zawodynyň kärhanasynda guruldy. Bu seýilgäh  häzirki wagtda orta asyryň  beýik  görnükli  alymy  Alyşir Nowaýynyň adyny göterýär. Seýilgähiň meýdany 65 ga, köli we kanallary bolsa jemi 9 sany.

Alyşir Nowaýy seýilgähi, Daşkentiň esasy köçeleriniň biri bolan Almazar köçesinde ýerleşýär. Seýilgähiň çäkleri kölegeli seýilgähleriň, bezeg gyrymsy agaçlarynyň we açyk gül düşekleriniň ýaşyl  öwüsmegi  bilen  aýratyn ýakymly gurşawy emele getirýär. Şol ýerde gaýyk sürmek, welosiped sürmek ýa-da rolikde typmak ýaly güýmenjeler  bilen  meşgullanmak  adamyň  göwnüni  hasam  galkyndyrýar. Kölüň kenary köpsanly kafelerden we restoranlardan  doly. Ol ýerde hatda 1940-njy ýylda gurlan demir ýoly hem görmek bolýar.

Seýilgähiň merkezinde, XV asyryň beýik şahyry Alyşir Nowaýynyň dünýädäki iň uly ýadygärligi oturdyldy. Alyşir Nowaýy seýilgähiniň meýdany birnäçe özboluşly  dizaýnly  binalaryň we ýadygärlikleriň mekanydyr. Bu  ýerde Oliy Majlis (Özbek  mejlisi), Esasy hasaba alyş bölümi, Navruz restorany, Istiklol konsert zaly, resmi dabaralaryň we orta asyr Abulkasym medresesiniň sergi zaly ýaly birnäçe binalar  bilen tanyşmak bolýar.

Daşkent şäher seýilgähi Özbegistandaky iň uly dynç alyş seýilgähi bolan Daşkentiň merkezindäki  seýilgäh.  Bu  seýilgäh  Daşkent şäheriniň halkara işewürlik merkeziniň çäginde ýerleşýär.

Seýilgäh «Prime Tower Group», «Özgüven mimarlik» (Türkiýe) we «Spektrum» (Russiýa) kompaniýalary  tarapyndan döredildi we «SF landşaft arhitekturasy» (Italiýa) tarapyndan işlenip düzüldi. Seýilgäh resmi taýdan  2019-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda açyldy. Seýilgähde 4500-den gowrak çalt ösýän agaç oturdyldy. Onuň  çäginde 15200 inedördül metrlik gül bagy bar. Merkezindäki emeli suw howdanynyň meýdany 15 gektardyr. Kölüň merkezinde 200 metr uzynlykdaky saz çüwdürimi bar. Tomaşa wagtynda 80 metr beýiklikde suw akymy atylýar. Seýilgähiň çäginde 4010 inedördül metr meýdanda oýun meýdançasy we 560 inedördül metr meýdany bolan sport meýdançasy bar. Şeýle  hem 1740 metr uzynlygyndaky aýlawly welosiped ýoly bar.

Seul seýilgähinde birnäçe gektar meýdany tutýan koreýa pawilýonlary, howuz, gül bagy, adaty diwarlar we beýleki adaty bag desgalary oturdyldy. Şeýle hem seýilgähde koreýa agaçlary we ösümlikleri bar.

Daşkentiň merkezinde Seul seýilgähini gurmak karary 2010-njy ýylyň fewral aýynda Prezident Islam Karimowyň Günorta Koreýa eden sapary wagtynda kabul edildi. Täsin medeni desganyň gurluşygy 2012-nji ýylda başlandy we 2014-nji ýylda tamamlandy.

Koreýa döwleti tarapyndan maliýeleşdirilen bu seýilgähi döretmegiň esasy maksady, Günorta Koreýanyň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, milli aýratynlyklarynyň ýaýramagyny, şeýle hem ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegini öňe sürmekdir.

«Aşgabat» seýilgähi  2018-nji  ýylda  açylan  Daşkentiň merkezindäki uly seýilgäh bolup  durýar.  Bu  seýilgäh  Daşkentiň  Magtymguly  şaýolunyň  ugrunda  ýerleşýär. Häzirki wagtda onuň meýdany 10 gektar.

Seýilgähiň açylyş dabarasy 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirzoýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi we 30-njy aprelde Aşgabat seýilgähi myhmanlar üçin açyldy. Ýeri  gelende  bellesek, paýtagtymyz  Aşgabat  bilen Daşkentiň  arasyndaky  doganlyk  gatnaşyklary  baradaky şertnama 2017-nji 20-nji maýynda gol çekildi.

Seýilgähiň binagärlik görnüşi paýtagtymyz  Aşgabat şäheriniň keşbini özünde jemleýär. Onuň girelgesinde suw çüwdürimleri guruldy, şeýle-de ýurdumyzyň  esasy  nyşanlarynyň  biri  bolan Ahalteke atlarynyň heýkelleri oturdyldy. Seýilgähde pyýada we welosiped ýollary bar. Nusgawy, halk, estrada aýdym-sazlarynyň, gülkünç çykyşlaryň geçirilmegine niýetlenen seýilgähde 450 orunlyk amfiteatr guruldy. Amfiteatr  Aşgabat  halkara  howa  menzilini  ýada  salýan  laçyn  guşuň  şekilinde  gurlupdyr.  Şeýle-de, seýilgähiň  meýdany  ýurdumyzyň  nyşanlaryny  görkezýän  birnäçe  ýadygärlikler  bilen  bezelipdir.

Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu