14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji sapary mynasybetli doganlyk ýurduň Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny özbek tarapynyň resmi wekilleri garşyladylar.
Soňra Daşkendiň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlar zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalar toplumyna gol çekildi.
«TürkmenGazet».