Siziň üçin...Slider

Dünýä meşhur içginiň taryhyndan

14-07-2022 / 21

Eger-de “Coca-cola” reňk beriji goşulmadyk bolan bolsady, onuň reňki ýaşyl bolardy.
***
1928-nji ýyldan bäri “Coca-cola” kompaniýasy Olimpiýa oýunlarynyň hemaýatkäri bolup çykyş edýär.
***
Dünýäde 1 sekundyň dowamynda takmynan 1,5 müň litr “Coca-cola” içilýär.
***
“Coca-cola” her ýurda görä üýtgäp biler, sebäbi ony öndürmek üçin ýurduň içindäki agyz suwuny ulanýarlar. 1982-nji ýylda bolsa berhizlik kolasy döredi.
***
Dünýäde 1 günüň dowamynda 2 milliarda golaý  “Coca-cola” satylýar.
***
“Coca-cola” içgisini dünýäniň iki ýurdunda Kubada we Demirgazyk Koreýada satmaga resmi ýagdaýda rugsat berilmeýär.
***
“Coca-cola” içgisini  ilkinji gezek Jon Pemberton atly lukman medisinada derman hökmünde 1886-njy ýylda  ulanyp başlapdyr.
***
“Coca-cola” sözi dünýäde “OK” sözünden soň iň işjeň ulanylýan ikinji sözdür.
***
“Coca-cola” içgisiniň  dizaýnyny dizaýner däl-de, buhgalter kärinde işleýän adam oýlap tapýar we ol öz durkuny döredileni bäri üýtgetmän saklap gelýär.
***
“Coca-colanyň” düzüminde bakteriýalary ýok ediji maddalary saklanýar.
***
Atlantada Bütindünýä “Coca-cola” muzeýi ýerleşýär. Ol ýerde kolanyň ilkinji düzümi saklanýar.

Taýýarlan: Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu