Ynsan kalbyna kök uran duýgular kitaplar tarapyndan kebşirlenýär.
Gözlerimizi ýumup hyýal edeliň!Bagymyzda bir nahal oturtdyk we oňa ilkinji jan suwuny berdik. Her gün düýbüni ýumşadyp, suwuny berip, haşal otlaryny arassalap, eken bagymyza ideg edip, ösdürip ýetişdirýäris. Biziň häsiýetimiz hem edil şolar ýaly, kalbymyzda janlanyp başlan duýdularymyz kitap okadygymyzça kebşirlenýär we arassalanýar. Okan her kitabymyz bir damja suw bolup, biziň bagymyzyň ösmegine goldaw bolýar. Ýuwaş-ýuwaşdan özgerýäris, kämilleşýäris. Bu ugurda bitirilýän ähli işi diňe kitap saýasynda başarýarys diýsek ýalňyş bolar. Adamynyň durmuşdan görüp öwrenýän zatlarynyň hem sany-sajagy ýok. Her gün täze wakalar. Ir bilen dogýan Gün biziň durmuşymyzyň açylýan täzeje sahypasy. Biz ony ös isleglerimize esaslanyp doldurýarys. Kitap — teoriýa, durmuş — tejribe. Ikisi bir-biriniň üstüni ýetirip durýar. Uçup barýan guşy bir ganatly göz öňüne getirip bilýäňizmi? Elbetde, ýok. Ynsan hem edil guş ýaly bir ganatly asmana galmagy mümkin däl. Emma ýene-de bir belläp geçmek isleýän zadym bar. Köp okaýan, köp bilýän adamlaryň hemmesi mylakatly, adamkärçilikli, ýuka ýürekli, pespäl bolup bilmeýär. Çünki kitap aslyýetinde bar bolan zady kebşirleýär. Düýbi gurap galan nahala näçe suw berseň-de şol durkuny asla üýtgetmez. Zehinli bolmagymyz ynsanlarda bize garşy haýranlyk duýgusyny oýarýar. Adamkärçilikli, salyhatly bolmagymyz olarda bize garşy hormat, sylag duýgusyny oýarýar. Durmuşda ikisine-de eýe bolmak – bagtly bolmak.
Haçan-da çaga wagtym enem maňa: “Öňüňden çykan her zatdan sapak almagy başargyn. Adam öz ykbalyny öz eli bilen ýazýar. Şu gün näme etseň, ertir şonuň jogabyny alarsyň” diýipdi. Hakykatdan hem şeýle eken. Ähli zadyň üstüne öz aýaklarymyz bilen barýarys. Ýalňyşýarys, büdreýäris, ýykylýarys ýene-de turýarys we ýolumyzy dowam edýäris. Bu ýagdaý hem bizi öňkä garanda has kebşirleýär we berkedýär. Meniň pikirimçe, durmuşda esasy zat ýalňyşman ýaşamak däl. Ýalňyş, ýöne şol ýalňyşy özüňe sapak edin! Sebäbi bütin duýgulary ýürekden duýup görseň dünýä düşünmek aňsat bolar hem-de ýaşaýyş ýeňilleşýär.
Alihan PIRGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Salam!Ayralyk barada gowy gosgylary goymagynyzy sorayaryn.Sagbolun
Bolyar,isleginizi goz onunde tutarys.
Bolyar,isleginizi goz onunde tutarys.