Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň milli egin-eşikleri taryhyň jümmüşlerinden bäri özünde Gündogar halklarynyň we diňe özüne mahsus bolan aýratynlyklaryny jemläp gelýär. Wagtyň geçmegi bilen milli egin-eşikleri birnäçe üýtgeşmelere sezewar bolandygyna garamazdan, häzirki wagtda hem gündogar halklarynyň däp-dessurlaryny we taryhyň jümmüşlerine uzalyp gidýän köklerini saklamagy başarypdyr.
Özbek halkynyň milli egin-eşikleriniň iň meşhur aýratynlyklarynyň biri hem olaryň ussatlyk bilen altyndan edilen nagyşlary bolup durýar. Altyn bilen nagyşlanan egin-eşikler diňe gurply adamlar üçin elýeterli bolupdyr. Olar baýlygyň alamaty bolupdyr. Altyn nagyşly egin-eşikler uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar, bu egin-eşikleri patyşa öz ýakynlaryna sowgat beripdir hem sowgat alypdyr. Altyn keşdeler üçin diňe ýüpek we mahmal ýaly materiallar ulanylypdyr. Altyn sapakly nagyşlaryň kömegi bilen diňe egin-eşikler däl, eýsem aýakgaplar hem bezelipdir. Häzirki wagtda Özbegistanda däp boýunça erkekleriň toý köýnekleri altyn ýa-da kümüş nagyşlar bilen bezelýär.
Özbek halkynyň milli egin-eşikleri iň bir reňkli eşikleriň biri hasaplanýar. Ýurduň dürli ýerleriniň ýaşaýjylarynyň egin-eşikleriniň özlerine mahsus aýratyn reňkleri bolupdyr, ýöne özbek halky gara reňkli eşikleri halamaýarlar, sebäbi bu reňkli eşikleriň betbagtçylyk getirip biljegine ynanýarlar. Aýallaryň geýiminiň üsti bilen olaryň ýanýoldaşyna baha beripdirler. Baý adamlaryň aýallary mawy, senetçileriň aýallary bolsa ýaşyl geýim geýipdir.
Erkekleriň milli egin-eşiginiň esasyny bili kiýikça — bilguşak bilen daňylan çapan dony düzýär. Milli tahýasy bolsa tyubeteýka diýlip atlandyrylýar. Egnine kuýlak diýlip atlandyrylýan göni kesilen köýnek we aşagy inçelip gidýän işton geýipdirler. Aýaklaryna inçe deriden tikilen aýakgap geýipdirler. Toý halatlar, esasan, mahmal edilen nepis kümüş ýa-da altyn nagyşlar bilen bezelipdir. Her günki geýilýän kuýlak uzyn bilguşak bilen daňlypdyr. Bilguşaklar, esasan, açyk reňkli bolupdyr, munuň maksady hem onuň erkegiň geýiminde aýratyn tapawutlanyp durmagy bolupdyr.
Aýallaryň adaty egin-eşikleri han atlasdan tikilen köýnekden we iştondan ybarat bolupdyr. Baýramçylyk eşikleri bolsa atlas matalardan tikilip, altyn nagyşlar bilen bezelipdir. Aýallaryň tahýalary özlerine bir wagtda üç zady, ýagny: týubeteýka, ýaglyk we selle jemläpdirler. Aýallaryň geýimleriniň aýrylmaz bölegi kümüş ýa-da altyn şaý-sepler bolupdyr. Milli kaşgar-boldak gulakhalkalary meşhur gündogar halklarynyň nagyşlaryny özünde jemleýän gulakhalkalaryň biri bolupdyr. Ýurduň Surhanderýa taraplarynda köpräk hem gyzyl reňkli egin-eşikler geýlipdir, sebäbi gyzyl reňk baýlygyň alamaty hasaplanypdyr. Nagyşyň gülleri tötänleýin saýlanmandyr. Olar hemişe jadyly many aňladypdyrlar. Nagyşdaky gülleriň üsti bilen onuň eýesiniň sosial ýagdaýyny bilmek mümkin bolupdyr, ýöne ondan başga-da, köp gaýtalanýan geometriki güller gorag manysyny aňladypdyr. Ýapyk reňkli we gara reňkli egin-eşikler betbagtçylygyň alamaty hasaplanandygy sebäpli Özbegistanyň hiç bir ýerinde geýilmändir. Sogdian nagyşlary zoroastrizm dininiň galyndylaryny özünde jemläpdir. Aýakgaplar mahsiden ýa-da gaty deriden edilen aýakgaplardan ybarat bolupdyr. Bu aýakgaplar ýyly saklaýanlygy üçin häzirki wagtda hem ulanylýar.
Häzirki döwürde Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň egin-eşikleri köpdürli bolup durýar. Muňa garamazdan, halk öz egin-eşiklerinde gadymdan bäri gelýän medeniýetini saklap galmaga ymtylýar. Aýallar öňki döwürlerden bäri merjenlerden we teňňelerden edilen şaý-sepleri dakynýan bolsalar, erkek adamlar hem özleriniň milli tyubeteýkalaryny geýýärler.
Her bir halkyň egin-eşigi onuň ýüzmüňýyllyk taryhynyň nyşany bolup durýar.
Dilnoza MUHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.