Habarlar

«Ýaňlan, Diýarym! — 2022» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrlary dowam edýär

14-07-2022 / 10

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Oňa welaýatyň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş zehinleriň 10-sy gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdym-saz sungatynyň täze belentliklere ýetýändigini görkezen bu bäsleşik kämillige gol berýän ýaş zehinleri ýüze çykardy.

Ýatdan çykmajak bagtly pursatlara beslenen bu bäsleşikde ýaş zehinleriň 5-si deň netije gazanyp, öňe saýlanmagy başardy. Eminler özara maslahatlaşyp, olaryň ýerine ýetirijilik ukybyna, zehinine baha berdiler, adalatly netijä geldiler. Şunlukda, Ruhubelent etrabynyň medeniýet öýüniň höwesjeň aýdymçysy Ogulsuraý Ataýewa bilen Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Agzybirlik geňeşliginden Batyr Agaýew hoş owazlary, ýakymly labzy, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu