Habarlar

Täze okuw ýylyndan nähili täze hünärler açylýar?

12-07-2022 / 18

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berlişine görä, şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) boýunça talyplar bakalawr maksatnamasy esasynda bilim alarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda taýýarlanylýan hünärleri kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Pedagogika ylmynyň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrylan hünär standartlary we olaryň esasynda degişli okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanyldy. Olaryň arasynda daşary ýurt dilleri we edebiýaty ugry boýunça pars dili we edebiýaty, iňlis dili mugallymy; hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili mugallymy; nemes dili we edebiýaty, iňlis dili mugallymy; iňlis dili we edebiýaty mugallymy; rus dili we edebiýaty mugallymy; türkmen dili we edebiýaty mugallymy; taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy; geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary mugallymy; biologiýa we ýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymy; himiýa mugallymy; fizika we informatika mugallymy; matematika we informatika mugallymy; bedenterbiýe mugallymy ýaly hünärleriň okuw meýilnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi.

Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebinde pedagogika bilimi (başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy), pedagogika bilimi (mekdebe çenli bilim we terbiýe) taýýarlygyň ugurlary boýunça bakalawrlar taýýarlanar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda salgyt menejmenti; dünýä ykdysadyýeti ýaly täze ugurlar magistr maksatnamasy esasynda okadylar. Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe bazarlary we banklar ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplara bilim berler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda seljeriş we strategik meýilleşdiriş; syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy; Gündogary öwreniş ýaly ugurlar magistr maksatnamasy esasynda; halkara hukugy bolsa bakalawr maksatnamasy esasynda okadylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamlaryň barha tiz ornaşdyrylýan şertlerinde informatika we kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de himiýa tehnologiýasy boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda sanly dolandyryş (oba hojalygynda); gidrotehniki desgalar ýaly ugurlar; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda programma inženerligi; tehnologik maşynlar we gurluşlar; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysadyýet we dolandyryş (energetika pudagynda); maglumat howpsuzlygy; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda); maglumat howpsuzlygy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda logistika (ulag pudagynda); ykdysadyýet we dolandyryş; önümçiligiň tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda täze hünärleriň birbada 9-sy — gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar; ykdysadyýet we dolandyryş (senagat pudaklarynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyryşy (senagat pudaklarynda); logistika (gurluşyk pudaklarynda) ýaly ugurlar boýunça bakalawr maksatnamasy boýunça talyplara bilim berler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu