Habarlar

Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasy berildi

12-07-2022 / 13

11-nji iýulda hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy, ol biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy, netijede, Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi.

“Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Belli bolşy ýaly, Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady. Dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen durnukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny saklady.

Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýanyna baryp, Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirdi we tutuş ýapon halky üçin agyr günde medet beriji sözlerini aýtdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu