SliderŽurnalistiň sahypasy

Bularyň ählisi Özbegistan barada…

12-07-2022 / 29
  • 2750 ýyllyk taryhy bolan Özbegistanyň iň gadymy şäheri Samarkand dünýäniň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Rim bilen ýaşdaşdyr.
  • Özbegistan — Günorta Afrika, ABŞ we Russiýadan soň, altyn gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýar.
  • Ýurduň çäginde ýerleşýän Gyzylgum çöli altyn we tebigy gaz gorlary bilen meşhurdyr.
  • Özbegistan dünýäde pagta öndürijileriň arasynda ilkinji bäşligiň hataryna girýär. Özbegistan dünýädäki pagta gorunyň 65%-ni öndürýär. ABŞ-dan we Hindistandan soň pagta süýümini eksport ediji 3-nji döwletdir.
  • Özbegistanyň üçden iki bölegi düzlüklerden ybaratdyr.
  • Dünýäde deňze çykalgasy bolmadyk iki döwletiň biri hem Özbegistandyr.
  • Iň pes nokady: Manbulak çukury (deňiz derejesinde – 12,8m), iň beýik nokady: Hissar dagy (deňiz derejesinde 4643 m beýiklikde).
  • Özbegistanyň baýdagy üç esasy reňkden ybarat bolup, olar: ak, ýaşyl we gök. Ýaşyl — çydamlylygy we myhmansöýerligi, Gök — türkligi, Ak — adalaty we parahatçylygy aňladýar.
  • Özbegistanyň iň köp ilatly şäherleri — Daşkent, Namangan, Samarkand, Andijan we Buharadyr.
  • Buhara şäherine her ýylda 1 milliondan gowrak syýahatçy gelýär.

Taýýarlan: Sanjar GULDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu