SliderSyýahatçylyk

Özbegistanyň taryhy şäherleri

12-07-2022 / 20

Ençeme hanlyklaryň, emirlikleriň mekany bolan Özbegistan döwleti häzirki wagtda dünýäde taryhyň gaýnap joşýan ojagy hökmünde tanalýar. Köçelerinden gadymyýetiň ysy gelýän bu ýurt özbaşdak binagärligi, milliligi, medeniýeti, däp-dessurlary, tagamlary bilen dünýä jahankeşdelerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Özbekistan diýlende, ilkinji ýada düşýän şäherleriň biri ýurduň paýtagty Daşkentdir. GDA döwletleriniň arasynda ilat sany boýunça 3-nji ýeri eýeleýän bu şäher şol bir wagtyň özinde iň gadymy şäher hasaplanýar. 2009-njy ýylda şäheriň 2200 ýyllygy bellenildi, diýip internet saýtlary habar berýär. Taryhyň sahypalarynda dürli atlar bilen tanalýan şäher Merkezi Aziýanyň alymlary Al-Biruniniň we Mahmud Kaşgarlynyň eserlerinde Daşkent “daş şäher” diýip aýdylyp geçilýär. Şäheriň taryhy ýerlerine gelýän jahankeşdeleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Daşkente baryp hökman görmeli ýerler barada aýtsak, onda ilkinjileriň hatarynda “Barak han medresesi” durýar. Bu medresede musulman äleminiň ünsüni merkezinde ýer alýan dünýäniň iň uly Gurhany we Hz.Osmana degişli jeren derisine ýazylan Gurhan saklanýar.

Şäheriň arhitekturasyna özüniň ajaýyplygy bilen görk goşýan binalaryň biri hem Kukeldaş Medresesidir. Şähere gezelenje baranyňda hökman görmeli ýerleriň biri bolup taryhyň özboluşly aýratynlygyny özünde jemleýän bu bina Daşkentde gurlan Merkezi Aziýadaky ilkinji metronyň golaýynda ýerleşýär.

Gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy şäher Buhara:

Taryhda mongollaryň, parslaryň mesgen tutan bu şäheri häzirki wagtda asman reňkli kafel gurluşy bilen tanalýar. Arheologiki tapyndylaryň netijesinde 2500 ýyllyk taryhy geçmişiniň bardygy subut edilen bu şäheriň çäginde belli alymlar ýaşap, metjitlerdir medreseler gurlupdyr. Özüniň taryhy aýratynlygy bilen Buhara şäheri  Yslam dünýäsiniň möhüm merkezi hasaplanýar.  Garahanlylar tarapyndan gurlan we ýokardan aşak silindr görnüşli Kalan minarasy şäheriň arhitekturasyna üýtgeşik owadanlyk çaýýar. Şäheriň görküne görk goşan Çor-kiçi, Ysmaýyl Samani, Ulugbek medreseleri hem aýlanyp görmek üçin ajaýyp ýerlerdir. Şäherde ýene-de haýran galdyryjy binalaryň biri Şazada Romanow köşgidir. 1891-nji ýylda gurulan bu köşk Nikolaý II-niň Daşkente sürgün edilen ýegeni şazada Romanow üçin niýetlenýär. Häzirkizaman binagärlik gurluşyna kybap getirilip gurlan bu bina şu günlerde Özbegistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan myhman öýi  hökmünde ulanylýar.

Samarkand şäheri özboluşly binagärlik gurluşy bilen tanalýan şäher bolup, gysgaça “ertekiler ýurdy” diýlip atlandyrylýan ýerlerine-de gabat gelmek bolýar. 2001-nji ýylda şäher we onuň taryhy binagärlik we arheologiki ýadygärlikleri “Samarkand – medeniýetiň çatrygy” ady bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhy çeşmelere görä, Samarkand adynyň manysy  “baý şäher” diýmegi aňladýar.      

Taýýarlan: Kanunmyrat HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu