PsihologiýaSlider

Bagtly bolmak üçin aýdylmaly däl 6 söz

11-07-2022 / 17

Ýadadym. Öýde ýa-da okuwda içiňiz gysýan bolsa, etmeli işiňiziň ýokdugyna şükür ediň. Etmek üçin işim ýok diýmäň. Içgysgynçlyk gyzykly bolmasa-da, başga-da alternatiwlaryň bardygyny göz öňüne getiriň.

Men seni ýigrenýärin. «Ýigrenji» sözüni öz sözlügiňizden aýyryň! Hatda halamaýan adamyňyzy suratlandyranyňyzda-da bu sözi ulanmakdan saklanyň. Kimdir biri sizi biynjalyk edýän bolsa, duýgularyňyzy başgaça beýan edip bilersiňiz.

Başaramok. Özüňi haýsydyr bir işi ýerine bilmejekdigiňe ynandyrsaň, ony başaryp bilmek üçin mümkinçiligiňi azaldarsyň. Bir ýagdaýy negatiw nukdaýnazardan çözmek mümkin däl. Başarjakdygyňyza ynamyňyz bolmaly we şony edip biljekdigiňize ynanmaly. Optimistik dünýägaraýyş täsinlikleri döredýär. Bir günüňizi oňyn geçirseňiz, tapawudyny görersiňiz.

Manysyz durmuş. Barlygyňyzyň manysyzdygyny pikir edýän bolsaňyz, sizi söýýän adamlaryň bardygyny we barlygyňyzyň olar üçin manylydygyny unutmaň!

Men owadan däl. Her bir adamyň gözellige bolan garaýşy dürli-dürlüdir. Özüňizi özüne çekmeýän zat, başga biri tarapyndan kabul edilip biler. Daşky keşbiňiziň kimdir biriniň sizi owadan görýändigini ýa-da owadan görmeýändigini aňlatmaýar. Şonuň üçin hem daşky keşbiňiz barada alada etmäň. Çünki içki dünýäňiziň owadanlygy daşky görnüşiňizden has möhümdir.

Maňa hiç kim gerek däl. Käbir adamlar başga birinden kömek almagy halamaýarlar ýa-da ondan ýüz öwürýärler. Kömek etmezden ýagdaýy ýeňip geçmek mümkin bolmasa-da, goldaw soramak islemeýärler. Ýöne ýaşamak üçin kimdir birine mätäç. Adam hemme zady ýeke özi dolandyryp bilmeýär. Negatiw duýgularyňyzy pozitiw duýgular bilen çalyşsaňyz, geçirjek günleriňiz siziň üçin has gyzykly we ýatda galyjy bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu