Aşakdaky surata üns beriň! Öz dyrnagyňyzy saýlap, häsiýetiňizi biliň!
- Birinji dyrnagy saýlan — “Uzyn we gönüburçly”. Eger siziň uzyn we gönüburçly dyrnagyňyz bar bolsa, diýmek, siz örän alçak adam we siz ýiti zehine eýe. Siz täze tanyşlyklardan we tejribelerden lezzet alýarsyňyz hem-de elmydama öz gözýetimiňizi giňeltmäge synanyşýarsyňyz. Iş meselesinde bolsa siz “Bir gezek kesilenden ýedi gezek ölçän ýagşy” diýen şygara uýýarsyňyz. Siz soraglary ähli taraplardan öwrenip dogry karar kabul edýärsiňiz. Siz üçin hemme zady jikme-jik oýlanyşmak esasy zatdyr.
- Ikinji dyrnagy saýlan — “Giň we tekiz”. Siz sagdyn, akylly adam bolup, her bir zady seljerýärsiňiz. Siz bir zady gürlemegiňizden ozal pikirlenýärsiňiz we köplenç, adamlar size maslahat üçin ýüz tutup, siziň pikiriňizi ünsli diňleýärler. Siz adamlaryň häsiýetlerine gowy düşünýärsiňiz we siziň duýgularyňyza görä, adamlara mydama bil baglasaň bolýar. Ähli zatdan ilki sizi tejribe we bähbit gyzyklandyrýar we hut şonuň üçin hem olar çylşyrymly meselelere akylly çözgüt tapmagy halaýarlar.
- Üçünji dyrnagy saýlan — “Gysga we tegelek”. Siz gujurly hem gömülen zehine eýe bolan döredijilikli adam. Siz töweregiňize şatlyk çaýýarsyňyz şol sebäpli hem adamlar siziň bilen höwesli gatnaşýarlar. Siz täze dost tapanyňyzdan soň, olara mydama wepaly bolýarsyňyz we halaýan adamlaryňyzy goramak üçin eliňizden geleni edýärsiňiz. Siziň dünýäde aşa söýýän zatlaryňyz hem bar. Siziň içiňizde awantýurizm oýnaýar we eger kelläňize bir pikir gelse, ony etmezden asla yza çekilmeýärsiňiz. Käbir adamlar size biraz kejir diýseler hem siz özüňiziň näme isleýäniňizi gowy bilýärsiňiz.
- Dördünji dyrnagy saýlan — “Gyşyk we gysga”. Mümkin, dyrnagyňyz siziň mydama dişleýändigiňiz sebäpli gyşykdyr?! Onda siz gaty duýgur we ünsli adam bolmaly. Siz gatnaşýan adamlaryňyzyň gadryny bilýärsiňiz we durmuşyňyza täze adamlary kabul etmekde seresaply çemeleşýärsiňiz. Siz daşyňyzdan asuda bolmagy başarýarsyňyz emma içiňizden bolsa sizi duýgular tupany ýeňýär. Siziň dostlaryňyz sizden hatda gynançly bolsa-da, diňe dogryny eşitjeklerini bilýärler.
- Bäşinji dyrnagy saýlan — “Göwrümli we gönüburçly”. Siz ähli jogapkärçilikli işleri edýän, kynçylyk söýüji we öňdebaryjy adam. Size bil baglap boljakdygyny bilip, size wajyp duşuşyklary ynanýarlar. Eger-de siz bir zat etseňiz siz ony dogry ýerine ýetirýärsiňiz. Siz ruhy taýdan elmydama gowy üýşmeleňe duşmak isleýän şadyýan ynsan.
- Altynjy dyrnagy saýlan — “Üçburç”. Siz öz isleýän zadyny gowy bilýän dogumly we kesgitli adam. Siz islendik tabşyryklary etmäge höwesli. Eger mesele iş bilen baglanyşykly bolsa onda siz “Ýeňil işle, az güýç sarp et ” şygary bilen ýaşap, siz hereket etmezden ozal ähli netijeleri pikirlenýärsiňiz. Siziň tutanýerli zähmetiňiz ajaýyp görünýär.
- Ýedinji dyrnagy saýlan — “Süýri we uzyn”. Eger-de siziň dyrnagyňyz süýri bolsa onda siz örän döredijilikli ynsan. Siz gowy oýlanmalara eýe we sizi gözel zatlar gurşap alýar. Ruhunda duýgular ummany ýatan adamlar size öz rahatlyk aramyny tapmak üçin size ýakynlaşýarlar. Käbir adamlar size işde öz üstüňize köp ýük ýükleýäniňizi aýtsalar hem sizi öz ýerine ýetirýän işleriňiz bagtly edýär.
- Sekizinji dyrnagy saýlan — “Üýtgeşik kutikullar”. Siz ýönekeý zatlardan gaça durýan açyk adam. Siz elmydama üýtgeşik netijeleri tapýarsyňyz. Siz “Iş wagty işlemeli, dynç wagty dynç almaly” diýen şygara uýýarsyňyz. Siz her bir edýän zatlaryňyzdan lezzet almagy başarýarsyňyz, şol sebäpli hiç zat size ýürek gysgynç bolup bilmez.
«TürkmenGazet».