SliderŽurnalistiň sahypasy

Biz bilelikde başararys!

08-07-2022 / 14

«Howsala we şübhe diňe hereket bilen ýeňlip geçilýändir, elden giderilen mümkinçilik bolsa ömürboýy özüni ýadyňa salar durar».

Arzuw ediň, biziň çygryňyz näçe ýokary we arzuwlarymyzyň gerimi näçe giň bolsa, şonça-da belentde bolarys. Oýananyňda, bu güni hut şeýle ýaşamak isleýändigiňe düşünmeli – bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Her säher bize has oňat bolmak üçin puryja berilýär, ony elden gidermek akmaklyk bolar. Köpler ömürboýy ýönekeýje tertip-düzgün bilen ýetäýmeli zadyň arzuwyny edip geçýärler. Ýeri, siz nämäniň arzuwyny edýärsiňiz? Mümkin, size bary-ýogy ýekeje ädim ätmek gerekdir.

Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar.Ýaşaýşa nämedir  bir zatlar bermek, eliňde baryndan eçilmek, ukybyňdan baryny paýlaşmak, bagyş etmek – ömre many çaýýan zatlaryň biri.   Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de has gowy etmäge, has ajaýyp etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň maksady şol – has gowusyna ymtylmaly. Özi hem özgelere agyr ýük bolmazdan, gaýry adamlaryň hak-hukugyny kemsitmezden, hut öz başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we halal zähmetimiz bilen berjaý etmeli. Üstünlik gazanmak üçin haýsydyr bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gülala-güllük bolmagy, gowulaşmagy esasy şert däldir.

Bu ýollarda mert bolalyň, ýan bermäliň, ejizlemäliň. Zeýrenmäliň. Anyk we aýgytly pikir, berk karar, mäkäm ynam islendik kynçylygy we böwetleri böwsüp geçmäge gurbat berýär. Ähli durmuş ýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp, ýygşyryp goýandygyna ýa-da edendigine garamazdan, ony diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy alalyň.

Kyn günlerimizde görkezen sabrymyzyň, bagtly günlerimizde eden şükürlerimizden hem has wajypdygyny unutmalyň. Berlene razy bolmak ýaly, alnana-da razy bolmalydyrys. Hiç haçan özümize «Näme üçin men?» diýen soragy bermäliň. Wimbledonyň ilkinji zenan çempiony Arthur Ashe agyr keselläp ýatyrka, dünýäniň dürli künjeginden janköýerlerinden hatlar gelipdir. Şol hatlaryň birinde: «Bular ýaly erbet kesel näme üçin sizi tapýar? » diýip ýazylypdyr. Şonda Arthur Ashe: «Bütin dünýäde elli million çaga tennis oýnamaga başlasa, olaryň bäş millony tennis oýnamagy öwrener. Bäş ýüz müňi ýokary derejeli tennisçi bolar, elli müňi ýaryşlara gatnaşar, bäş müňi uly tribunalara çykar, ellisi Wimledona çenli geler. Dördüsi ýarym finala, ikisi finala ýeter. Elimde çempionlyk kubagyny göterip duranymda «Näme üçin men?» diýmedim. Indi agyry çekenimde, nädip beý diýip bilerin?» diýip jogap beripdir. Bu ýagdaýyň tersine bolmagam ähtimal. Kim bilýär biziň ykbalymyz bize nähili garaşylmadyk sowgatlary taýýarlap goýdy.

Dem almak durmuşda ýaşamak mümkinçiligini berýär. Bir dananyň aýdyşy ýaly, ýaşaýyşda yz galdyrjak bol. Her günüňi, sagadyňy, sekundyňy, demiňi sanap ötürme, manyly bir iş etmek üçin çalyş. Has ynamly, höwesli we erjel ýapyşmagymyz üçin has beýik maksatlardan bir pursat hem gözümizi sowmaly däldiris. Ilkinji ädimleri hem pes saýmaly däldiris, gaýta şol ädimleri has-da güýçlendirip, batlandyryp, gadamymyzy berk basyp, öňe ynamly ätlemelidiris.

Käbir adamlar özünde bar bolan mümkinçiligi artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek üçin baş galdyranoklar. Olar hemişe dar çygyrda ýaşap, şol bir duýgy bilen gezip ýören ýaly görünýär. Olaryň pikir düşünjesi, gyzykly pikir alyşmalar üçin gerek bolan gözýetimleri giňelmeýär. Megerem, pikir gurluşlary, pikir binalary başga hili hereket etmäge mümkinçilik bermeýän bolarly. Ýöne biz bular ýaly adamlaryň hatarynda durmaly. Zähmete asla ýaltalyk etmäliň. Iň bolmanda elimizden gelenine çenli başaralyň.

Gizlin zat däl – şanymyza el çarpylmagy hemmämize ýaraýar. Bu ynsan tebigatynda bar bolan, özüne çekiji häsiýetleriň biri. Ol özlügimizi, barlygymyzy berkitmek üçin tebigy teşneligi gandyrmaga kömek edýär. Ýöne her eden işimiziň hatyrasyna el çarpylmagyna garaşman, ähli ünsümizi  edýän amalymyza gönükdireliň. Şonda iru-giç  olaryň özi alnymyza geler.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu