Göwün küýsegiSlider

Ýürekler paýhas bilen iýmitlenmeli

07-07-2022 / 20

Bir akyldar: «Adamyň beýnisiniň ösmegi üçin iýmitiň gerek bolşy ýaly, ýüreklerem paýhas bilen iýmitlenip durmalydyr» diýipdir.
                                                       *   *   *
«Nähili adamlaryň akyl-paýhasly bolmagyny isleýärsiniz?» diýen sowala Hysrow patyşa: «Duşmanlarymyň» diýip jogap beripdir. «Sebäbi akylly adamlary erbetlik etmäge itermek kyn» diýibem sözüniň üstüni ýetiripdir.
                                                       *    *   *
Hysrow patyşadan: «Ogullaryňdan haýsyny gowy görýän?» diýip soranlarynda: «Beren sözünde tapylýanyny, masgaraçylykdan gaça durup, häzirki derejesinden has belende ýetmäge ymtylýanyny» diýip jogap beripdir.
                                                       *     *   * 
Hindi akyldary: «Bu dünýäniň gyzygy edil deňziň suwy ýalydyr, adam näçe köp içdigiçe, şonça-da beter suwsaýar».

Gündogar pähimleri

Üç zat yzyna dolanmaýar: wagt, söz we mümkinçilik. Şonuň üçin hem wagtyňy boş geçirme, diýjek sözleriňi saýla we mümkinçilikleri sypdyrma.
                                                      *    *   *
Hiç haçan ýykylmadyk adam däl-de, ýykylansoň, gaýtadan aýaga galan adam beýikdir.

Eduard GRIBBON

                                                      *   *  *
Dünýäde iň kyn üç zat bar: syr saklamak, ýamanlygy unutmak we wagtyňy peýdaly ulanmak.
                                                      *    *   *
 Ot – altyny, kynçylyklar bolsa, adamyň çydamlylygyny synaýandyr.

Italýan pähimi.

Toplan Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu