PsihologiýaSlider

Daşy saýla, häsiýetiňi bil!

07-07-2022 / 62

Suratdaky daşlary üns bilen synlaň. Haýsyny haladyňyz?

  1. Birinji daşy saýlan — “Opalit” (Aý daşy). Bu daşy saýlamagyňyz siziň hemişe azatlyga ymtylýandygyňyzy aňladýar. Siz rahatlanmak we öz içki sesiňizi diňlemek üçin ümsümlik bar bolan ýerleri gözleýärsiňiz. Siz ýekeje pursatda ähli zadyň üstüni çyzyp täze durmuşa başlamagy başarýarsyňyz. Şol sanda hem  dogry ýoly saýlandygyňyza doly ynanman käwagtlar ýekelikde galyp oýlanmak isleýärsiňiz. Bu daş siziň ünsüňize, gündelik aladalara bagly bolup, rahatlyga we ümsümlige az wagt galýandygy barada aýdýar. Ýöne bu siziň durmuşyňyzyň erbetligini aňlatmaýar. Mümkin, siz ähli zatlaryň öz islegiňize görä gitmeýändigini duýýansyňyz, şonuň üçin käbir zatlary täzeden oýlanyp görüň. Şonda siz durmuşda üstünlikleri gazanandygyňyza ýa-da gazanmak daşda däldigine göz ýetirersiňiz. Haçan-da siz rahatlykda we ümsümlikde wagtyňyzy geçireniňizde sizde täze pikirler we meýilnamalar döräp başlaýar.
  2. Ikinji daşy saýlan — “Ýaşyl malahit”. Eger siz bu daşy halan bolsaňyz onda siz öz durmuşyňyzdaky üýtgeşmelerden geçjekdigiňize taýýardygyňyzy aňladýar. Bu üýtgeşmeler ýaşaýyşyň ýa-da işiň üýtgemegi bilen bagly bolup biler. Siz gitdigiçe pähimli bolup, öwrenmegiň ýoly size aňsat düşýär. Ozal  siziň kelläňiz aladalar bilen doly bolan bolsa, häzirki wagt durmuşda näme gazanyp boljakdygy barada oýlanýarsyňyz. Bu bolsa siz üçin ajaýyp, sebäbi durmuşyň üýtgeşmeleri bize hökmandygyny kabul etmegi başarmaly. Malahit öňe gidişligiň we bolçulygyň daşydyr. Şonuň üçin siz öz bagtyňyzy gözlemäge gideniňizde diňe şowlulyk garaşyp durar. Bu daşy saýlamak bilen siz bütin äleme “Men üstünlige taýyn. Men bagtyma duşmaga taýyn.” diýip seslenýärsiňiz.
  3. Üçünji daşy saýlan — “Gün daşy”. Göz öňüne getiriň, ukudan oýananyňyzda size ilki bilen garaşýan zat — bu şatlykdyr. Siz üçin hakyky şatlyk bu — size täze ajaýyp günüň garaşmagy we siziň töweregiňizde sizi söýýän ynsanlaryň bolmagydyr. Ýatda saklaň haçan-da şatlyk siziň bedeniňiziň her-bir öýjügini dolduran pursady siz dünýädäki ähli gowulyklary özüňize çekýärsiňiz. Bu bolsa size islendik meseleleri çözmeklige güýç berýär. Siz durmuşyň şatlygy we mümkinçilikleri özüňize duş edýänini görýärsiňiz. Eger siz ykbala ynanýan bolsaňyz onda bilip goýuň güneşli günleriňiz ýakynda.
  4. Dördünji daşy saýlan — “Obsidian” (Gyzyl bag). Bu daşy saýlan adam “Meni gurşap alýan näsazlyklardan çykyp, bagtly adam bolmaga taýýar.” diýýän adamdyr. Asmanda uçmagy bes edip, töwerekdäki adamlaryň size görä has ugruna bolmaýandygyna, her kimiň öz aladalarynyň bardygyna we olar barada hiç kime aýtmaly däldigini makul bilýändiklerine düşünip başlaýarsyňyz. Gabanjaňlyk, öýke-kinelik ýaly duýgular sizi ýykýar. Ters pikirler sizi awulandyrýar we sizi ynjytýar. Ýakyn wagtda siz baryna şükür etmekligiň we ýetmeýän zada zeýrenmezligiň bagta barýan ýeke-täk ýoldugyna düşünersiňiz.
  5. Bäşinji daşy saýlan — “Gowlit”. Eger bu daş sizi özüne çeken bolsa, onda siz ýakyn wagtda düýşüňizde ýagty pikirleri görersiňiz. Siz häzirki wagt duýgurlyk bilen kesgitli ýodadan barýarsyňyz, bu bolsa dogry. Şonuň üçin duýujylygyňyzyň   bardygyna ynanyp, ony diňlemegi başaryň. Ol size üstünligi çalt gazanmaga kömek eder. Siz ýalňyz däl we gowulyga ymtylma syýahatyňyzda hem ýeke däl.
  6. Altynjy daşy saýlan — “Dalmatin Jasper”. Şu wagt siziň üçin durmuşdan lezzet almaly we degişme bilen doldurmaly pursat geldi. Siziň içki sesiňiz “Meniň oýnasym we şatlanasym gelýär” diýip seslenýär. Belki siz uzak wagtlap sussupes, öýkeli, we haýasyz bolansyňyz. Siz üçin degişme hem-de ýumor maşgala agzalaryňyzy birleşdirýän güýçdür. Siziň her bir gülkiňiz size kynçylyklary ýeňmäge ýardam berýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu