Daşary ýurt dillerini, ilkinjileriň hatarynda-da iňlis dilini öwrenmek isleýärsiňiz. Dünýäniň tas ähli döwletinde diýen ýaly bilinýän, şol dili bilseň, nirä baraňda-da iç döküşere adam tapyljak dili öwrenmek nähili gowy zat! Ýöne…
Ýöne, köplenç, dil öwrenmek bilen bagly kynçylyklardan ýaýdanyp, bu işiň başyna barman gezýäris. Ýaýdanmaň, asla ýaýdanmaň! Şu makalamyzda iňlis dilini iň aňsat ýollar bilen öwrenmek üçin maslahatlary hödürleýäris.
Yzygiderli, ýöne arakesmeli. Dil öwrenmäge başladyňyzmy, onda her gün munuň üçin wagt aýryň. Ýöne özüňizi kösäp, juda bir ýadamaň. Meselem, dil öwrenmäge her gün ýarym sagadyňyzy sarp edip bilersiňiz. Şeýtseňiz, maglumatlar aňyňyzda hemişe täzeligine galar.
Ýazuw kadalaryna gömülmäň! Islendik dil barada gürrüň açylanda, ilkinji nobatda, ýadyňa ýazuw kadalary düşýär. Käbirimiz bolsa, şolary bilmän daşary ýurt dilini öwrenmek mümkin däldir diýip pikirlenýäris. Ýöne, bu ― dogry pikir däl. Dili, sözleri öwreniň, maksadyňyz erkin gürleşmek bolsa, ýazuw kadalarynyň özünden-özi beýniňize guýlar. Onsoň hem şol diliň ýazuw kadalaryny ähli çuňňurlygy bilen, hatda siziň bilýän derejäňizde islendik iňlis bilýän däldir.
Diňlemek üçin filme tomaşa ediň! Dil öwrenmekde iň möhüm basgançaklaryň biri diňlemekdir. Şol ukybyňyzy kämilleşdirmek üçin öwrenýän diliňizde filmlere tomaşa ediň!
Dil öwrenmegi gyzykly güýmenjä öwrüň! Muny nädip başaryp bolar? Mysal üçin, iňlis dili bilen bagly oýunlary oýnamak, hekaýalary okamak, kimdir bir tanşyňyz bilen jemgyýetçilik torlarynda iňlis dilinde ýazyşmak ýaly zatlar arkaly. Öwrenmegi gyzykly güýmenjä öwürseňiz, özüňizde hem höwes artar, şol bir wagtda-da ýadawlyk duýmarsyňyz.
Ýalňyşmakdan gorkman gürleşiň! Ilkinji ädimi haçan hem bolsa bir gün ätmeli ahyry! Ertirmi? Ýok, ertir eýýäm giç! Şu gün başlaň! Munuň üçin batyrgaýlyk gerek. Şol batyrgaýlyga barýan ýol hem ýalňyş gürleşmekden gorkmazlygyň üstünden geçýär.
Gaýtalaň! Öwrenen sözleriňizi söz görnüşinde we sözlem içinde gaýtalamaga her gün 10 minut wagtyňyzy aýyrjak boluň! Muny ýolugra hem edip bolar.
Mähri ÝAZYÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 30-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.