Habarlar

«Deňizçi» topary öňe çykdy

04-07-2022 / 9

Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» topary dördünji tapgyryň netijeleri boýunça öňe çykdy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«Deňizçi» topary «Senagatbank» toparyndan 7:1 hasabynda üstün çykdy. Çempionlyk ugrundaky göreşde onuň esasy garşydaşlary bolan «Köpetdag» we «Gümrükçi» öz aralarynda 4:4 hasabynda deň oýnadylar.

Beýleki duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary Superligada ikinji gezek çykyş edýän «Daşoguzy» 6:3 hasabynda ýeňdi, «Milli goşun» bolsa «Ahaldan» 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Dört tapgyrdan soň «Deňizçiniň» 10 utugy bar. «Köpetdag» iki utuk yza galýar. Mundan soň her birii 7 utuk gazanan toparlar ýaryşda şeýle ýerleşdiler: «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Milli goşun».

Bäşinji tapgyrda «Deňizçi» «Milli goşun» topary bilen duşuşar, «Senagatbank» bilen «Köpetdag» bolsa öz aralarynda oýnarlar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu