Siziň üçin...Slider

24 sagatlyk galyjy emeli atyr

04-07-2022 / 22

Bu atyryň taýýarlanylyşy barada degişli internet çeşmesinde ýerleşdirilen maglumatlary terjime edip, dykgatyňyza ýetirýäris.

Gerekli zatlar:
kiçiräk gap;
wazelin;
ulanýan atyryňyz.

Bu 3 önüm bilen jübiňiziň jübüsine hem ýerleşjek atyryňyzy ýasap bilersiňiz.

Taýýarlanylyşy:

Ilki bilen, bir çemçe wazelini gowy edip erediň. Gabyňyzyň ululygyna baglylykda, 2-3 çemçe eredilen wazelini ulanyp bilersiňiz. Suwuklandyrylan wazelini kiçijik gabyňyza salyň we atyry goşuň. Soňra gowy edip garyň. Doňdurmak üçin sowadyjyda goýuň.

Bellik: Has uzak wagtlyk ulanmak üçin, ony ulanmaýan wagtyňyz sowadyjyda saklaň!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu