2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar. Zyýarata gidýänler paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Ärtogrul Gazy metjidine geldiler. Bu ýerde guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we juma namazy okaldy. Soňra ýurdumyzyň zyýaratçylary paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerleşýän Hezreti Omar metjidine ugradylar. Zyýaratçylar metjitde bolmagynyň çäginde yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek babatda döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
«TürkmenGazet».