1-nji iýulda geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “.tm” belgili milli domen barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar. Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder.
Agentligiň ýolbaşçysynyň maglumatlaryna görä, ýokary derejeli “.tm” belgili milli domen öz aňladylyşy boýunça “bellige alnan söwda nyşany (Trade Mark)” diýen iňlis dilindäki meşhur gysgaltma gabat gelýär we dünýäniň birnäçe kompaniýalarynyň ýokary islegli domenleriniň biri bolup, milli önüm öndürijileriň önümleriniň, kompaniýalarynyň Türkmenistana dahyllydygyny dünýä aýan etmek üçin internet sahypalarynyň salgylarynda işjeň ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmendomen” hojalyk jemgyýeti bilen degişli kompaniýanyň arasynda maýa goýum şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde internet ulgamyny ösdürmegiň we onuň internet serişdelerine elýeterliligini giňeltmek işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “.tm” milli domen meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, täzeçil ösüşi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni jikme-jik öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklar berildi.
«TürkmenGazet».