1-nji iýulda geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça taýýarlanan Kararyň taslamasy hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň bellenen tertipde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Gündogdy” hususy kärhanasynyň arasynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany baglaşmak hakynda mesele ylalaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze Halkara howa menzili toplumynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Ol howa giňişliginde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň mukdaryny artdyrmakda, ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmekde, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmakda wajyp orny eýelär. Hormatly Prezidentimiz “Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurmak hakynda” Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
«TürkmenGazet».