Siziň üçin...Slider

Gaharlanmak — işi haraplamak

Hekaýat

01-07-2022 / 43

Bir gezek mugallym okuwçylaryndan sorapdyr:

— Siz bilýärsiňizmi, haçan-da, adamlar dawa, jedel edýän wagty näme üçin gaty ses bilen gygyryşýarlar?

Bir okuwçy:

— Haçan-da, adamlar jedel eden wagtlary rahatlygyny ýitirýärler — diýip, jogap beripdir.

— Gygyryp geplemek nämä gerek? Haçan-da, seniň golaýyňda başga bir adam barka näme, ýuwaş gepläp bolanokmy? — diýip, mugallym ýene-de sorag bilen okuwçylara ýüzlenipdir.

Okuwçylar bu soraga dürli jogap berseler-de, ol jogaplaryň hiç haýsy mugallymy kanagatlandyrmandyr. Ahyrsoňunda mugallymyň özi:

— Haçan-da, adamlar biri-birinden närazy bolup dawa, jedel edýän wagty olaryň ýürekleri bölünýär. Ýürekde bölünen şol aralygy ýapmak üçin — biri-biriniň sesini eşitmek üçin adamlar gaty gygyrmaly bolýarlar. Haçan-da, gaty gygyrylanda bolsa ýürekleriň arasy has hem açylyp, has gaty gygyrmaly bolýar.

Umuman, adamlaryň arasynda näme bolup geçýär? Haçan-da, olar biri-birini halaýarkalar gygyryşmaýarlar, ýuwaş gepleşýärler. Şol ýagdaýda olaryň ýürekleriniň arasy biri-birine gaty ýakyn bolýar.

Haçan-da, adamlar biri-birini has berk söýenlerinde näme bolup geçýär? — diýip, mugallym ýene-de sözüni dowam etdirýär — Olar onda gürleşmän, öz aralarynda pyşyrdaşýarlar, şonda iki ýüregiň arasy has hem ýakynlaşýar. Ondan soňra olara pyşyrdaşmak zerurlygy hem ýüze çykmaýar. Indi olar biri-birine sessiz seredişip düşünişýärler. Bu ýagdaý diňe biri-birini söýýän adamlaryň arasynda bolup geçýär.

Haçan-da, siz dawa, jedel edýän wagtyňyz ýürekleriňiziň bir-birekden daşlaşmagyna ýol bermäň! Ýakymsyz sözleri aýtmakdan saklanyň, ýogsam ýürekleriň arasy has hem açylar. Haçan-da bolsa, bir gün şeýle gün geler, siz arasy has açylan ýüreklere gaýdýan ýoly tapmarsyňyz.

Taýýarlan Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu