30-njy iýunda Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleri üçin ýatda galyjy günleriň biri boldy. Merkeziň goýny Gahryman Arkadagymyzyň 65 ýaş toýunyň şatlyk-şowhunyna beslendi.
Ir säher bilen çagalar hormatly Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli ugradan süýjülik tortuny kesip, gutlaglaryny, joşgunly goşgularyny aýtdylar. Şygyrlarda galkynyşly döwrümiz, bagtyýar çagalyk wasp edildi.
Çagalar hormatly Prezidentimize hem özleri hakda edýän aladalary üçin sagbolsunlaryny beýan etdiler. Diýarymyzyň gül-gunçalary Arkadagly Serdarymyza yzygiderli ugradýan süýjülik sowgatlary, şol sanda daşary ýurtlara saparlaryndan, hususan-da, mukaddes Mekge-Medineden ýörite getiren sowgatlary üçin alkyş aýtdylar.
«TürkmenGazet».