SliderTagamlary taýýarlamak

Her tagamyň taryhy bar

30-06-2022 / 26

Türkmeniň gadymdan gelýän milli tagamlary özüniň döreýiş taryhy bilen halk hakydasyna siňendir. Gadyrly okyjylar, biz hem käbir milli tagamlarymyzyň gelip çykyşlary baradaky taryhy rowaýatlary beýan etmekligi makul bildik.

DOGRAMA
Ir döwrüň kitaplarynyň birinde, ýagny Abu Osman Jahyzynyň eserinde dograma barada şeýle setirler bar:
Dograma geldi saçaga.
Üstünde ýag, akan etler.
Iň gowusy düýäniňki.
Tagamy agzyňdan gitmez. 

Bu setirleriň özi ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan bu ajaýyp naharyň halkymyzyň gadymy naharlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Dogramanyň döreýşi barada il arasynda şeýle gürrüňler bar.
…Ir döwürde adyl patyşalaryň biri wagtal-wagtal halkyny ýygnap, naharlar eken. Bir sapar iki batyl adam hem nahara gelýär. Olaryň öňlerine-de nahar äberilýär. Tagamy iýip oturan körleriň biri:
— Gözümiziň görmeýäni üçin, bilmezler öýdüp bize eti az salypdyrlar öýdýän, beýlekileriň tabaklaryna has köp et goýlan bolsa gerek! — diýenmiş.
Her näçe seresap aýdylan-da bolsa, bu gep patyşanyň gulagyna ýetýär. Ol nahar bişirijileriň ählisini bir ýere ýygnap, şeýle buýruk berýär:
— Eti-de, hemme zady-da ähli kişä deň-derman ýeter ýaly nahar bişiriň!
Şonda tejribeli aşpezleriň biri şeýle maslahat beripdir:
— Patyşahy älem! Eti aýratyn bir gazanda bişirmeli. Tamdyrda bişen petir çöregi hem-de eti dograp, ikisini gowuja garyşdyrmaly. Soňra ondan her tabaga salmaly-da, et gaýnadylan çorbadan guýup, ezip äbermeli. Şonda hemmä deňlik bolar!
Şeýdip, türkmeniň meşhur milli tagamy, nahary bolan dograma döräpmiş.

BUGRA HATYNYŇ TAGAMY
Halkymyzyň eý görüp gelýän tagamlarynyň arasynda iň gadymylarynyň biri-de pişmedir. Türkmeniň pişmesiz toýy ýok diýsek, megerem, hakykatdan daş düşmesek gerek.
Bu ajaýyp tagama Türkmenistanyň demirgazyk çäklerinde «bogursak» diýilýän bolsa, Ahal, Mary, Balkan welaýatlarynda pişme ady bilen belli bolup, ol ýaga bişirilen üçburç şekilli bugdaý unundan edilen iýmitdir. «Bogursak» sözüniň gelip çykyşy X asyryň ikinji ýarymynda Mawerennahrda Garahanlylar döwletini guran Oguz nesilleriniň Bogra han serdarynyň ady bilen baglydyr. Bogra han häkimiýet başyna geçenden soň, ol orta Aziýanyň merkezi we söwda şäheri bolan Buharany, Horezm döwletini özüne bakna edýär. Ýörişleriň birinde onuň ýolda bugdaý unundan bişirilen nahary, tagamy, göwni küýseýär-de, aşpezine derhal nahar taýýarlamagy tabşyrýar. Şol pursat aşpeziň ýanynda nahar bişirýän zatlary elýeterinde ýok eken. Şeýle-de bolsa, aşpez ugur tapypdyr. Ol ýanyndaky kömekçilerine, hyzmatkärlerine derrew bugdaý unundan hamyr etmegi tabşyrýar. Hamyry pyçak bilen kesişdirýär-de, ýol üstünde ýaga bişirýär. Bişirilen tagam häzirki bogursak, ýagny pişme eken. Tagama göwni ýeten Bogra han: «Şu tagama şundan şeýläk Bogra hanyň nahary diýilsin!» diýipdir. Bogursak-pişme ýol ugrunda gysga wagtlyk dynç alyşlykda çaýyň gapdaly bilen ýa-da at üstünde, şeýle-de pyýada ýöräp barýarkaň, ýumşaklygyna iýip, ýürekse edinäýmäge-de amatly bolupdyr.

Taýýarlan Gülalek BAÝRAMALYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünarmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu