Nýuton 21 ýaşyndan 27 ýaşyna çenli öz nazaryýetini we taglymatyny esaslandyryp, dünýä ylmynda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmagy başaran beýik iňlis alymydyr. Ol ähli zamanyň iň beýik fizikleriniň we matematikleriniň biridir. Isaak Nýutonyň optikada, mehanikada we matematikada eden açyşlary älemiň kanunlaryny özleşdirmekde, oňa akyl ýetirmekde we düşündirmekde häzirki zaman ylmyna ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
1642-nji ýylyň gyş aýlarynyň bir güni Nýutonlaryň maşgalasynda oglanjyk dünýä inýär. Gowşajyk, igli, wagtyndan öň doglan çagajyk soňra 84 ýyl ömür sürüp, ömrüniň ahyrynda agzyndaky dişleriniň diňe ýekejesi gaçýar.
Isaak Nýutonyň kakasy oglunyň dünýä inenini görüp bilmeýär. Oglanjyk üç ýaşyna ýetende, ejesi bilen öweý kakasy ony enesine tabşyryp, başga ýere göçüp gidýärler.
Ol ilki oba mekdebini tamamlaýar. Soňra ýaş oglany şäherdäki korollyk mekdebine okamaga iberýärler. Isaak kiçijiklikden köpçüligi halamandyr, hemişe nämedir bir zadyň pikirini edip, dymyp gezip ýörüpdir. Döwürdeşleri onuň soň-soňlar hem gürrüňçilige garyşyp-gatyşyp gidibermeýändigini, seýrek ýagdaýlarda özi gepleýärkä-de, birden sesini kesip, gözlerini süzüp, çuňňur pikire ulaşmak häsiýetiniň bolandygyny belleýärler. Nýutona öýlenmek miýesser etmändir. Ol çaga döwürleri diňe bir gyzjagaz bilen gatnaşypdyr we ömrüniň iň soňky günlerine çenli häli-şindi öýüne baryp, kempire öwrülen şol gyzjagazyň halyndan habar alyp durupdyr.
Okamaga bolan höwesi ýaş Isaagy Kembriý şäherindäki kolleje getirýär. Matematika ylmy bilen çynlakaý gyzyklanýar. Bile okan talyplarynyň aýtmaklaryna görä, ol özüni ýiti zehinli ýigit hökmünde görkezmändir.
1665-1666-njy ýyllarda mergi keseliniň ýaýran döwürleri, ol iki ýyllap obada ýaşaýar. Ynha, şu ýerde-de onuň kimdigi, nämelere ukyplydygy belli bolup ugraýar. Onuň adyny äleme ýaýan, bütindünýä dartyş kanunynyň açylmagyna sebäp bolan alma agajy-da penjiräniň düýbünde ösüp oturan eken. Almaly gürrüň, hakykatdanam, bolanmy ýa-da hekaýatmy bu belli däl. Sebäbi Nýuton öz açyşyny beýan edende, ol barada hiç zat agzamandyr. Açyşa almanyň täsiriniň bolandygy hakda ilkinji gezek beýik alymyň ýegeni Ýekaterina dil ýarypdyr. Soňra onuň dosty Stakli aýdylany tassyklapdyr. Şeýdibem, almaly gürrüň agyzdan-agza geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Nähili bolanda-da, alma agajynyň dabarasy dag aşýar. Alym ölenden soňra 1820-nji ýylda gopan apy-tupan garran agajy ýykýar. Ondan owadan oturgyç ýasap, alymyň muzeýinde goýýarlar.
Isaak Nýuton öz ýazan ylmy işlerini çap etdirmäge howlukmandyr. Ol hemişe «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen pähime gulluk edipdir. 1692-nji ýylda hojaýyny öýde ýok mahaly alymyň güjüjegi ýanyp duran şemi üýşüp duran golýazmalaryň üstüne gaçyrýar. Olar sähel salymda küle öwrülýärler.
Her bir alym näçe zehinli, hatda genial bolsa-da, özünden ozalky alymlaryň we döwürdeşleriniň toplan ylym-bilimlerini öwrenmelidir we olara daýanmalydyr. Bu barada beýik alym Nýuton şeýle diýipdir: «Men öňki beýikleriň eginlerine münüp otyryn».
«ХVIII asyra çenli tebigaty bilmek barada hiç hili ylym ýokdur. Onuň ylmy görnüşi ХVIII asyrda ýa-da käbir pudaklar boýunça birnäçe ýyl öň başlanypdy. Nýuton özüniň dartyş kanuny bilen astronomiýany, ýagtylygyň dargamagyny, ylmy optikany, binom baradaky taglymaty we tükeniksizlik nazaryýetini, ylmy matematikany we tebigy güýçleri bilmegi ylmy mehanikany döredipdir» diýip Engels Nýuton barada ýazypdyr.
Beýik alym ylymda ýene bir uly açyşy etmäge taýýarlanýan eken. Ýöne muňa sataşan agyr kesel ýol bermeýär. Ol 1727-nji ýylyň aprel aýynyň 31-i güni Londonyň eteginde Kensingtonda aradan çykýar.
Zamira ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.