Siziň üçin...Slider

Bir düýpde iki ekin

28-06-2022 / 10

Häzirki wagtda ylmyň  gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly  oba hojalyk pudagynda dürli işler amala aşyrylýar. Olaryň biri-de sapmak usulydyr. Sapmak usuly diňe bir agaç şekillileri sapmak bilen çäklenmän, olar gök ekinlerde hem ulanylyp başlandy. Bu ylmy taýdan subut edilen sapmak usulynyň kömegi bilen bir düýpden bir maşgala degişli bolan iki sany gök ekin alyndy.

Bir düýpde iki dürli gök ekiniň ösmek mümkinçiligi barada Hindi ,,Gök önümler birleşigi habar berýär. Bu ýagdaý ,,Brimato“  diýlip atlandyrylýar. Brimato iki sany ,,Baklawa” we ,,Pomidor’’ sözleriniň  goşluşmasyndan emele  gelendir. Bu genetiki manyda iki gök önümiň gibridi däl-de, eýsem ekmegiň netijesinde bir gyrymsy agaçda iki dürli ekiniň emele gelmegidir.

Bu ýagdaýa Hindistanyň Hindi gök önümleri öwreniş institutynda gözegçilik edilýär. Olara gözegçilik eden Anant Bahaduryň pikirine görä, ekilen ösümlikleriň ikisi-de aýratynlygyna garamazdan bir maşgala degişlidir. Täze ekiliş usulyny oýlap tapmaga dürli seleksionerler gatnaşýar. Ýagny pomidoryň 23-25 günlük nahaly bilen badamjanyň 25-30 günlük nahaly sapylýar. Sapmak işi baklajanyň köküniň düýbünde  amala aşyrylýar. Netijede, sapmakdan emele gelen Brimato gurakçylyga we artykmaç çyglylyga çydamlylyk berýär.

Brimato kölegeli şertlerde saklanýar. Ekiş işleri geçirilenden 60-70 günden soň Brimato ekilen ýerde oba hojalykçy alymlar bir düýbünden 2,64 kilograma çenli baklajan we 2,3 kilograma çenli pomidor ýygnamagy başardylar.

Bu ekişiň esasy ähmiýeti ýerleri netijeli we tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär we ony ýönekeýje öý şertlerinde hem ösdürmek mümkindir.

Çemen SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu